Amerikaly adam 9 ýyllap şol bir sanlary ulanyp oýnamak bilen, lotereýada 500 müň dollar utdy

  • 03.12.2024 23:21
  • 14k+

Kentukki ştatyndan Glenn atly bir adam on ýyl töweregi wagt bäri Lucky For Life lotereýasynda şol bir san kombinasiýasyny ulanyp, ýarym million dollar utdy. Lexington Herald-Lideriň habar bermegine görä, ol azyndan 20 ýylyň dowamynda  her ýyl 25 000 dollar möçberindäki pul baýragyny alar.

Glenn 2015-nji ýylyň mart aýynda oýun başlanaly bäri şol bir sanlary ulanyp ýeňiş gazandy. Ýeňiji kombinasiýa bolan 7, 10, 17, 24 we 26 – dan ybarat pul baýragyna gabat gelen san toplumy 9 ýyl 7 aýdan soň utuşa düşdi. Eger ol “şowly topjagazyň”  belgisini dogry saýlan bolsa, baş baýragy hem alyp biljekdi. Baýragyň belgisi 13, Glenn bolsa 12-ni saýlapdy.
Bu adam sanlarynyň beýsbol oýunçylarynyň ýubileýi we sany bilen baglanyşyklydygyny düşündirdi. Alan serişdelerini bergilerini üzmek we jaýyny abatlamak üçin ulanmagy meýilleşdirýär.
Ol: “Bu bir bagtyň çüwmegi. Soňky alty aýda stres ýagdaýda gezdim. Ýüz müň dollar maňa aýaga galmaga kömek eder. Bu özüme gelmek üçin gowy şowlulyk "-diýdi.
Lexington Herald-Lider gazetiniň bellemegine görä, her ýyl 25 000 dollar gazanmagyň ähtimallygynyň 1,81 milliondan bir bolandygyny belleýär. Baş baýrak bolsa 30,8 milliondan diňe bir ýagdaýda düşýär.


şu gün 00:57
2.5k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

19.06.2026 19:53
2.2k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

15.06.2026 12:34
1.6k+

Paramount-yň Warner Bros.Discovery-ny satyn almagyna ýene bir böwet aradan aýryldy

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Paramount Skydance kompaniýasy tarapyndan Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça 111 milliard dollarlyk şertnamany makullady....

13.06.2026 09:33
10k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......