Toyota taryhynda iň güýçli we çalt awtoulagyny çykardy

  • 03.12.2024 23:06
  • 14k+

Ýaponiýanyň “Toyota” kompaniýasy brendiň taryhynda iň güýçli we çalt öndürilýän sport awtoulagy bolan "Supra A90 Final Edition-i" hödürledi.

Bu model 435 at güýjüne eýe bolan kuwwatly hereketlendiriji bilen enjamlaşdyrylandyr. Sport awtoulagy dört sekuntda 100 kilometr sagat tizligine çenli ýetip biler. Awtoulagyň iň ýokary tizligi sagatda 270 kilometre deňdir.
"Supra A90 Final Edition" häzirki zaman tehniki çözgütlerine esaslanýar. Bulara awtoulagyň rahatlygyny sazlaýan amortizatorlar we onuň süňňündäki uglerod süýüminiň bölekleri hem-de gowulaşan aerodinamika üçin uly ganat degişlidir.
"Supra A90 Final Edition" modeli awtosport hereketleriniň muşdaklary üçin niýetlenendir. Ol ýokary öndürijiligi we häzirki zaman tehnologiýalaryny birleşdirýär. Modeliň çykmagy meşhur “Toyota Supra” seriýasynyň önümçiliginiň tamamlanmagyna gabat gelýär diýip, naked-science.ru ýazýar.


düýn 14:05
4.1k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

düýn 08:16
2.6k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
4.9k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6.1k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......