Indiana Jons hakyndaky oýun Xbox Series-de 131 Gb ýady talap eder

  • 03.12.2024 22:21
  • 2.9k+

MachineGames studiýasy tarapyndan işlenip düzülen Indiana Jons hakyndaky täze "Indiana Jones and the Great Circle" oýny Xbox Series konsolynda 131 Gb boş ýeri talap eder. Bu göwrüm birinji günüň patçyny öz içine almaýar.

Žurnalistler we blogerler oýnuň deslapky wersiýasyna eýýäm girip bildiler. Olaryň berjek synlary 6-njy dekabrda irden peýda bolar. Premial neşiriň eýeleri şol gün oýnap başlarlar.
Oýnuň sýužeti birinji we üçünji filmleriň wakalarynyň arasynda ýaýbaňlanýar. Indiana Jons möhüm taryhy ýerleri birleşdirýän hyýaly çyzyk bolan Uly tegelegiň syryny öwrenýär. Işläp düzüjiler hekaýatyň hakyky tapmaça esaslanýandygyny bellediler.
Oýun 2024-nji ýylyň 9-njy dekabrynda Xbox Series we PC üçin çykarylar. PlayStation 5-e niýetlenen wersiýasy 2025-nji ýylyň ýazynda çykar.

düýn 20:14
1.7k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 20:02
666

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......

düýn 19:56
2.8k+

Şotlandiýaly janköýer ýygyndysynyň oýny üçin ABŞ-ny pyýada söküp, haýyr-sahawat üçin 1 million funt sterling toplady

Şotlandiýanyň Peýsli şäherinden bolan 22 ýaşly futbol janköýeri Kreýg Fergýuson ABŞ-nyň tutuş çägini pyýada kesip geçdi. Bu barada «WBUR» radiostansiýasy habar berýär....

düýn 19:53
1.1k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......