Şotlandiýanyň maýagyndan XIX asyra degişli habar tapyldy. Onuň üsti ýetirilip, ýene öňki ýerinde goýuldy

  • 03.12.2024 21:53
  • 4.5k+

Şotlandiýanyň günbatar kenaryndaky 209 ýaşly Korswoll maýagy gözden geçirilende, inžener Ross Rassel uzak geçmişden galan ýazgyly çüýşäni tapdy. Tapyndy şkafdaky köne paneller aýrylanda ýüze çykaryldy diýip, The New York Times gazeti ýazýar.

1892-nji ýylyň sentýabr aýy diýlip sene goýlan habary maýagyň yşyklandyryş enjamlaryny çalyşýan inženerler galdyrypdyr.
Maýagyň gözden geçirişe gatnaşan sakçysy Barri Miller: "Eger bu hazynanyň kartasy bolup çykan bolsa, açyş barada dymmaga kasam edipdik" – diýip degişdi.
Emma hatyň mazmuny adaty bolup çykdy. Bu hatda işçileriň, kompaniýanyň atlary we abatlaýyş işleriniň tamamlanan senesi görkezilipdir:

“Bu çyrany Milton-Haus, Edinburgde, “Jeýms Miln we ogly” şereketinde işleýän inžener Jeýms Uells, mehanik Jon Westwud, inžener Jeýms Brodi we işçi Dewid Skott maý aýyndan sentýabr aýy aralygynda gurdy we 1892-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda penşenbe güni agşam ýakyldy."

Rassel bilen Miller hata öz teswirlerini goşup, gözegçileriň geljekki nesilleri üçin ony öňki ýerinde goýmagy karar etdiler.
Tapyndy diňe bir 1817-nji ýylda gurlan maýagyň taryhyny ýatlatman, eýsem XIX asyryň tehniki ösüş derejesine düşünmäge hem kömek edýär. Maýak 1994-nji ýyla çenli deňizçilere ýol görkeziji çyra bolup hyzmat etdi.

düýn 20:14
1.8k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 20:02
812

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......

düýn 19:56
3.4k+

Şotlandiýaly janköýer ýygyndysynyň oýny üçin ABŞ-ny pyýada söküp, haýyr-sahawat üçin 1 million funt sterling toplady

Şotlandiýanyň Peýsli şäherinden bolan 22 ýaşly futbol janköýeri Kreýg Fergýuson ABŞ-nyň tutuş çägini pyýada kesip geçdi. Bu barada «WBUR» radiostansiýasy habar berýär....

düýn 19:53
1.2k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......