Toyota täze RAV4 2025 krossowerini hödürledi

  • 29.11.2024 19:49
  • 7.1k+

Toyota Ýaponiýada 2025-nji model ýylynyň täzelenen RAV4 krossowerini resmi taýdan hödürledi. Model indi ähli wersiýalarda doly herekete getiriji bilen enjamlaşdyrylýar.

Esasy wersiýa birnäçe kämilleşmelere eýe boldy. Ol “kör zolaklara” gözegçilik ulgamy, awtoulag duralgasynda ýerleşmek üçin kömekçi we gapdal aýnalaryň korpusynda yşyklar bilen üpjün edildi.
Esasydan galan wersiýalar 10,5 dýuým ekranly mediaulgama we kämilleşdirilen nawigasiýa eýe boldy.
Esasy wersiýada 171 at güýjüni berýän 2,0 litrlik benzin hereketlendirijisi gurnaldy. Öz-özünden zarýad alýan gibrid bolsa kuwwaty 218 at güýjüne barabar bolan 2,5 litrlik hereketlendirijini aldy.
Iň ýokary wersiýa 306 at güýjüni berýän 2,5 litrlik hereketlendirijiniň esasynda zarýad berilýän gibrid güýç gurluşy bilen üpjün edildi, onuň arassa elektrikde geçýän menzili 95 km barabar.
Modeliň bahasy 21,4 müň dollardan 37,5 müň dollar aralygynda üýtgeýär.


düýn 14:05
4.1k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

düýn 08:16
2.6k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
4.9k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6.1k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......