Bazar gapma-garşylygy: Toyota oktýabrda az awtoulag öndürdi, ýöne satuwda rekord gazandy

  • 29.11.2024 12:59
  • 6.9k+

Ýaponiýanyň “Toyota Motor” korporasiýasy dokuz aý bäri global önümçiligiň pese gaçandygyny habar berdi. Oktýabr aýynda bu pese gaçma 0,8%-e deň boldy. Şol bir wagtyň özünde, bäş aýyň içinde ilkinji gezek dünýäde satuw 1,4% ýokarlandy. Şeýle-de bolsa, ol ýylyň şu döwründe (ýylyň soňky çärýegi göz öňünde tutulýar) 903,103 awtoulag satyp, rekord görkeziji gazandy diýip, Reuters paýlaşýar.

ABŞ-da howpsuzlyk ýassygy bilen bagly meseleler sebäpli, “Grand Highlander” we “Lexus TX” awtoulaglarynyň önümçiliginde dört aýlyk arakesme boldy, şonuň netijesinde önümçilik 13% pese gaçdy. Önümçilik işi 21-nji oktýabrda gaýtadan başlandy, onuň 2025-nji ýylyň ýanwar aýyna çenli kadaly ýagdaýa gelmegine garaşylýar.
Hytaýda ýerli markalaryň berk bäsdeşligi sebäpli, kompaniýanyň önümçiligi 9% azaldy. Tailandda edil şunuň ýaly, bu marka isleg azalyp, önümiň 13% peselmegine sebäp boldy. Şeýle-de bolsa, Ýaponiýada geçen ýylky näsazlyklaryň dikeldilmegi netijesinde önümçilik 8% ýokarlandy.
“Toyota” esasy bazarlarda ýüze çykýan kynçylyklara garamazdan, önümçiligi durnuklaşdyrmagy we satuwy ösdürmegi maksat edinýär diýip, 32cars.ru ýazýar.


düýn 14:05
4.1k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

düýn 08:16
2.6k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
4.9k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6.1k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......