Trampyň 100 müň dollarlyk sagatlary ýöränok: 147 modelden bary-ýogy 10%-i satyldy

  • 28.11.2024 18:03
  • 16k+

Donald Trampyň brendi bilen çykarylýan 100 müň dollarlyk sagatlara bolan isleg ýokary däl. Mahabat kampaniýasyna garamazdan, altyn we brilliant bilen bezelen goşar sagatlarynyň hatda ýarysy hem satylmady diýip, Bloomberg ýazýar.

Taslamanyň menejerleri satuwy işjeňleşdirmek üçin marketingi gowulaşdyrmagyň üstünde işleýärler.
Häzirki wagtda sagat öndürijisi Trump tourbillon-yň altyn elementler we brilliantlar bilen bezelen 147 modeliniň bary-ýogy 10%-i satyldy.

“Biz sagatlary ilerletmek üçin täze web-saýtyň we şuňa meňzeş zatlaryň üstünde işleýäris” – diýip, Montrichard kompaniýasy tarapyndan işe gözegçilik etmek üçin işe alnan sagat pudagynda hünärmen Dewid Guten aýdýar.

Lýuks sagatlar sentýabr aýynda tanyşdyrylandan soň ünsi özüne çekdi, ýöne kesgitlenen baha potensial müşderileri çekindirdi.
Belläp geçsek, Tramp onýyllygyň içinde özüniň haryt brendini ygtyýarnamalaşdyrdy. Dürli ýyllarda onuň ady bilen steýkler, suw, krossowka, foto kitaplar, kriptowalýutalar we gitara çykaryldy.


04.02.2026 12:43
7.4k+

Trampyň adyny göterýän täze kriptowalýuta dörediler

Truth Social sosial torunyň, Truth+ striming platformasynyň we Truth.F  finteh-brendiniň operatory bolan Trump Media and Technology Group (TMTG) kompaniýasy ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň adyny göterýän täze kriptowalýutany çykarar...

24.01.2026 15:31
2.9k+

TikTok-yň amerikan wersiýasy gutarnykly täze kompaniýanyň gözegçiligine geçdi

TikTok özüne ABŞ-da işlemegini dowam etdirmäge mümkinçilik berýän ylalaşygyň ýapylandygyny resmi taýdan yglan etdi. Bu onuň Amerikadaky işlerini Hytaýyň ByteDance kompaniýasyndan aýyrýandygyny aňladýar. TikTok-y gadagan etmek pikirini ilki Donald Tramp 2020-nji ýylda, birinji prezidentlik möhletinde öňe sürdi we başlangyç Jo Baýdeniň döwründe has-da güýçlendi...

03.01.2026 11:24
14k+

Bloomberg: 2025-nji ýylda iň baý adamlaryň baýlygy görlüp-eşidilmedik derejede — 2,2 trillion dollar artdy

Dünýäniň iň baý 500 adamsynyň umumy baýlygy 2025-nji ýylyň ahyryna çenli rekord derejede 2,2 trillion dollar artyp, 11,9 trillion dollara ýetdi. Bu barada milliarderleriň indeksine salgylanýan "Bloomberg" agentligi habar berýär...

23.09.2025 17:37
4.2k+

Tim Kuk iPhone-yň gymmatlamagyna gümrük paçlarynyň täsir etmändigini aýtdy

Apple-iň baş direktory Tim Kuk täze iPhone modelleriniň bahasynyň ýokarlanmagynyň ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasynyň paç syýasaty bilen baglanyşykly däldigini aýtdy. Ol bu barada CNBC-den Jim Kramer bilen söhbetdeşlikde belledi...