Tramp 100 müň dollara çenli bahaly sagat kolleksiýasyny çykardy

  • 29.09.2024 19:13
  • 12k+

ABŞ-nyň öňki Prezidenti we häzirki wagtda prezidentlige dalaşgär Donald Tramp "Trump Watch" sagat kolleksiýasyny çykardy. Bu barada Forbes žurnaly ýazýar.

Hatarda 150 töweregi sagat modeli bolup, olaryň bahasy 499 dollardan 100 müň dollara çenli aralykda üýtgeýär.

“Iň gymmat sagat modeli bolan 100 müň dollar bahaly Trump Victory Tourbillon tutuşlaýyn 18 karat altyndan ýasalyp, 122 brilliant bilen bezelendir” – diýip, neşir habar berýär.

Bu sagatlary taýýarlamak üçin sarp edilen altynyň umumy bazar bahasy, takmynan, 17,2 müň dollara barabar. Şol bir wagtyň özünde, sagat saýtynda brilliantlaryň ululygy barada maglumat berilmeýär.
Bellenilişi ýaly, bu kolleksiýa bilen Tramp öz muşdaklary üçin ýadygärlik önümleriniň sanawyny giňeltdi. Bu sanawa krossowkalar, NFT kartoçkalary, kümüş teňňeler hem girýär.


02.06.2026 12:03
11k+

Tramp Ak tamyň çäklerinde geçiriljek turnire taýýarlyk wagtynda UFC-niň eýesiniň paýnamalaryny satyn aldy

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Ak tamyň çäklerinde geçirilmegi meýilleşdirilýän «UFC Freedom 250» turnirini işjeň mahabatlandyryp başlamazdan biraz öň, TKO Group Holdings (UFC we WWE guramalarynyň eýesi)......

29.05.2026 00:36
2.3k+

Dünýäde ilkinji: Itera durkuny üýtgedýän suwuk platany görkezdi

Amerikanyň Itera startapy dünýäde ilkinji «suwuk» çap edilen plata diýip atlandyrylýan enjamynyň nusgasyny tanyşdyrdy....

30.04.2026 07:20
2.2k+

Hytaý Manus startapynyň 2 milliard dollara Meta kompaniýasyna satylmagyny bökdedi

Hytaý häkimiýetleri amerikan kompaniýasy Meta Platforms-yň Hytaýyň emeli aň startapy bolan Manus-y 2 milliard dollara satyn almak baradaky şertnamasyny ýatyrdy. Bu karar milli howpsuzlyk we tehnologiýalaryň......

30.03.2026 09:59
11k+

Milliarderleriň iň köp doglan şäheri yglan edildi

Nýu-Ýork şäheri bu gezek hem dünýäde milliarderiň iň köp doglan ýeri hökmünde sanawyň başyny çekdi diýip, 2026-njy ýyl üçin dünýäniň iň baý 1680 adamynyň maglumatlaryna esaslanýan Visual Capitalist neşiri......