Aýdymçy Lana Del Reý onunjy studiýa albomynyň çykjakdygyny mälim etdi

  • 28.11.2024 15:11
  • 3.1k+

Amerikaly aýdymçy Lana Del Reý karýerasyndaky onunjy albomynyň çykjakdygyny habar berdi. Onuň aýtmagyna görä, "The Right Person Will Stay" atly plastinkasy 2025-nji ýylyň 21-nji maýynda peýda bolar.

Albom kantri aýdym-sazynyň ruhunda ýazylar. Ýazgyda aýdymçynyň köpden bäri bile işleşýän kärdeşi Jek Antonoff, şeýle hem kantri-sazanda Lýuk Lerd çykyş eder.
Albomyň esasy aýdymy “Genri” kompozisiýasy bolar. Relizde jemi 13 trek bolar.
Aýdymçy ozal albomy “Lasso” diýip atlandyrmagy meýilleşdirýändigini aýdypdy. Mundan başga-da, ony 2024-nji ýylyň ahyryna çenli çykarjakdy, ýöne soň “güýç toplamak üçin dynç almagy” karar etdi. Del Reý takyk nämädigini bilmese-de, garaşmalydygyny duýýandygyny aýtdy.
Lana Del Reý ýakyn wagtda çykjak albomyny goldamak üçin çykyşly gezelenjini yglan etdi. Ol 23-nji iýunda Kardiffden başlanar. Häzirlikçe diňe bäş konsert geçirmek meýilleşdirilýär.

şu gün 00:00
402

Psihologlar şübhelenmegi paýhasyň alamaty saýýarlar

Şübhe — bu diňe bir özüne ynanmazlyk däl, eýsem, pikirlenmäge we dogry karara gelmäge täsir edýän möhüm hadysadyr. Şeýle netijä gelmäge Thinking & Reasoning žurnalynda çap edilen barlag işiniň beýany doly esas......

düýn 22:20
1.4k+

Maýkl Jekson baradaky film tankytlara garamazdan, ilkibaşda baýopikler üçin rekord $217 million gazandy

"Maýkl” atly terjimehal film ilkinji dynç günlerinde dünýäde 217 million dollar girdeji gazanyp, terjimehal filmleriň arasynda rekord goýdy.Bu barada The Guardian neşiri habar berýär. ...

düýn 11:37
1.6k+

"Ar alyjylar: Ahyry" gaýtadan prokata çykarylmazdan öň goşmaça sahnalary alar

Režissýorlar Entoni bilen Jo Russo "Ar alyjylar: Ahyry" filmine dünýä derejesinde gaýtadan görkezilmezden öň täze sahnalaryň goşuljakdygyny tassykladylar....

düýn 11:21
4.9k+

Hytaýly bedenterbiýe mugallymy 30 ýylyň dowamynda 300-e golaý hossarsyz çagany terbiýeledi

Hytaýyň Anşan şäherinden 52 ýaşly bedenterbiýe mugallymy Baý Szýan soňky 30 ýylyň içinde ene-atasynyň gözegçiliginden mahrum bolan 276 çagany öz hossarlygyna aldy....