Ýere şu wagta çenli hasaba alnan iň güýçli kosmiki şöhleler gelip ýetdi

  • 28.11.2024 14:26
  • 6.1k+

Namibiýada ýokary energiýa stereoskopik ulgamynyň (HESS) obserwatoriýasy kosmiki şöhleleri hasaba aldy - ol şu wagta çenli hasaba alnan iň güýçli kosmiki şöhlelerdir. Gözlegçileriň pikiriçe, olar Gün ulgamymyzdan müň ýagtylyk ýyl uzak bolmadyk Ýere has ýakyn bir çeşme tarapyndan döredildi diýip, Live Science ýazýar.

Kosmiki şöhleler elektronlar we protonlar ýaly ýokary energiýa bölejikleri bolup, ýyldyzlar biri-biri bilen partlanda ýa-da birleşende çykarylýar. Ýagny kosmiki radiasiýanyň çeşmeleri ägirt uly energiýanyň bölünip çykmagy bilen baglanyşykly hadysalardyr. Bu subatom bölejikleri kosmosda gezip, ýagtylyk we magnit meýdanlary bilen täsirleşip, energiýasyny ýitirýärler. Şöhleler Ýeriň ýokarky atmosferasyna degende, planetanyň üstünde ýüze çykyp bilýän bölejiklere bölünýär.
Bu gezek Ýere ýeten bölejikleriň energiýasy görlüp-eşidilmedik 40 teraelektronwolta (TeV) ýetdi, bu görünýän ýagtylygyň energiýasyndan 40,000 esse köpdür diýip, Physical Review Letters ýazýar. Bu görkeziji bolsa, şol şöhleleriň çeşmesiniň Ýere ýakynlygyny görkezýär.
Gözlegçiler mümkin bolan birnäçe çeşmäni teklip edýärler. Olaryň arasynda Gamma Parus (Günden 28 esse köp) ýyldyzlar toplumyndan bolan we Ýere iň ýakyn neýtron ýyldyzy Geminga (Geminga ýyldyzy Gamma Parus ýyldyzlar toplumynyň iň parlak ýyldyzlaryndan biridir) bar. Şeýle hem munuň Ekizekler (Jöwza) we Seteran (Leňňeç - Rak) ýyldyzlar toplumynyň töwereginde adatdan daşary partlamanyň galyndysydygy güman edilýär diýip, hi-tech.mail.ru habar berýär. Astronomlaryň hasaplamalaryna görä, partlama kän wagt geçmänkä (kosmiki ülňüler boýunça) - bary-ýogy 68 müň ýyl ozal bolupdy.


11.05.2026 11:37
4.5k+

El-Ninýo sebäpli Dünýä ummanynyň temperaturasy taryhy rekorda golaýlaýar

Howa şertleri El-Ninýo tebigy hadysasynyň işjeň fazasyna geçýärkä, dünýä ummanlary täze temperatura rekordlaryny goýmagyň bosagasynda dur....

18.04.2026 23:36
4k+

2026-njy ýylyň maýynda seýrek duş gelýän goşa dolan Aý hadysasy bolar

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýeriň ýaşaýjylary seýrek duş gelýän hadysany — bir aýyň dowamynda iki gezek dolan Aýyň emele gelmegini synlap biler. Bu barada K.E.Siolkowskiý adyndaky Döwlet kosmonawtika taryhy......

22.03.2026 16:34
4.2k+

Mart aýynyň ahyrynda iki meteor akymyny synlamak bolar

2026-njy ýylyň mart aýynyň ahyrynda Ýeriň ýaşaýjylary iki meteor ýagşyny — Gamma Normidleri we Eta Wirginidleri synlap bilerler. Birinjisi 28-nji marta çenli, ikinjisi bolsa 25-nji marta çenli işjeň bolar. Aýyň ýagtylygynyň gowşaklygy sebäpli olary arkaýyn synlap bolar...

21.03.2026 11:26
5.6k+

Gije bilen gündiziň deňleşen pursady: 20-nji martda Ýer ýaz paslyna «geçdi»

20-nji martda Türkmenistanyň wagty bilen takmynan sagat 19:46-da Ýer şary üçin kän bir bildirmeýän, ýöne planeta üçin düýpli ähmiýeti bolan pursat — ýazky gije-gündiz deňleşmesi boldy. Bu wagtda Gün asman ekwatoryny kesip geçýär we gije bilen gündiz deňleşýär: takmynan, 12 sagat gündiz we şonça sagat hem gije...