V12 hereketlendirijili seýrek duşýan “Mersedes G-Class” awtoulagy satuwa çykarylýar

  • 28.11.2024 11:21
  • 10k+

V12 hereketlendirijisi bolan seýrek "Mersedes-Benz G-Class" awtoulagy Dubaýdaky RM Sotheby's auksionynda satuwa çykarylýar. Bu awtoulag 2002-nji ýylda ýörite BAE-niň hökümdarlarynyň maşgala agzalarynyň biri üçin döredildi diýip, Carbuzz habar berýär.

Mundan başga-da, habarda bellenilişi ýaly, “Öň G63 V12-niň barlygy gizlin saklanylýan syrdy. Şonuň üçin-de nemes markasy AMG-niň müşderi maglumatlar bazasyndan peýdalanyp, esasy alyjylaryny saýlady we olary bu awtoulagy satyn almak üçin çagyrdy diýlip hasaplanylýar".
Mersedes-Benz G63 AMG-niň yzygiderli görnüşleri V8 hereketlendirijileri bilen enjamlaşdyryldy. Şeýle-de bolsa bu görnüş 440 at güýji bolan V12 hereketlendirijisine eýedir.
Iki onýyllygyň dowamynda bu awtoulag resmi dabaralarda ulanyldy we 44,5 müň kilometr ýoly geçdi diýip, gazeta.ru ýazýar.
Hünärmenler awtoulagyň bahasyny 350–400 müň dollar diýip çaklaýarlar.


20.06.2026 12:20
4.1k+

Mercedes Berlinde okly magnit akymly hereketlendirijileri öndürýän zawody açdy

Mercedes-Benz Berliniň Mariýenfelde etrabynda okly magnit akymly elektrik hereketlendirijilerini öndürýän kärhanany açdy. Bu tehnologiýa eýýäm Mercedes-AMG GT 4-Door Coupe nusgasynda ulanylýar....

03.06.2026 11:52
7.4k+

1991-nji ýylyň seýrek duşýan Mercedes-Benz 560SEL AMG modeli $165 müňe satyldy

ABŞ-da geçirilen auksionda 1991-nji ýylda öndürilen seýrek duş gelýän Mercedes-Benz 560SEL 6.0 AMG sedany satyldy. Alyjy AMG-yň zawod kämilleşdirmelerini alan bu awtomobil üçin 165 müň dollar töledi diýip,......

23.05.2026 15:59
5.1k+

Mercedes-Benz 98%-e çenli netijeli Bosch elektrik motorlaryna geçýär

Bosch kompaniýasy täze elektrik awtoulaglaryny elektrik motorlary bilen üpjün etmek boýunça Mercedes-Benz bilen uzak möhletli şertnama baglaşdy. Ylalaşyk azyndan 2030-njy ýyllara çenli möhlete niýetlenen....

21.05.2026 09:35
2.2k+

Täze Mercedes-AMG GT reňkini üýtgedýän üçege we 1169 at güýjüne eýe boldy

Mercedes-AMG kompaniýasy üç sany oklaýyn (aksial) elektrik motory bolan we 1169 at güýji kuwwatyny öndürýän täze elektrikli AMG GT 4-Door Coupe sport sedanyny tanyşdyrdy diýip, «The Verge» neşiri habar berýär....