Huawei kompaniýasy Mate 70 flagman smartfonlarynyň täze tapgyryny hödürledi

  • 28.11.2024 11:08
  • 2.8k+

Huawei kompaniýasy uly tanyşdyrylyş çäresini geçirip, Mate 70 flagman smartfonlarynyň täze tapgyryny hödürledi. Ol Mate 70, Mate 70 Pro, Mate 70 Pro+ we Mate 70 RS modellerini öz içine alýar. Täzelenen gurluşlar ýokary öndürijilige, ýokary berklige, şeýle-de innowasion funksiýalara eýe boldy diýip, Overclockers habar berýär.

Bu modeller ulanyjylara tutuş dünýä boýunça hemra arkaly çäklendirmesiz aragatnaşyk saklamaga mümkinçilik berýän tehnologiýany ulanýan dünýäde ilkinji smartfonlardyr.
Täze önümleriň korpusy berkligi 5 esse ýokarlanan ýalpyldawuk titan bazalt materialyndan ýasaldy. Yzky panel ýokary derejede berk neýlon süýüminden taýýarlandy, bu hem urga çydamlylygy bäş esse ýokarlandyrýar.
Ikinji nesil Kunlun aýnasy ýere gaçmalara çydamlylygy 20 esse ýokarlandyrýar.
Mate 70 hatarynyň smartfonlary öndürijiligiň öňki nesil bilen deňeşdirilende 40% ýokary bolmagyny wada berýär. Ähli modeller täze Hongmeng operasion ulgamy, şeýle-de kuwwatly prosessorlar bilen üpjün edildi.
Gurluşyň daşky görnüşi sekiz reňkde ýerine ýetirildi: gara obsidian, gar ýaly ak, arça ýaşyl, benewşe giasint, altyn ýüpek parça, gök Feitian, ak Yuyi we gara Moyun. Bu reňkleriň dördüsi Pro+ wersiýasy üçin eksklýuziwdir. RS wersiýasy iki eksklýuziw reňkde elýeterli: ýyldyz brilliant we keramika.
Smartfonlar ýagtylygy ýokary we täzelenme ýygylygy 120 Gs çenli bolan OLED ekranlary bilen üpjün edildi, RS wersiýasy bolsa 3500 nite çenli iň ýokary ýagtylykdaky ekrany hödürleýär.
Şeýle-de, Mate 70 Pro we Pro+ ýüzi tanamak üçin ToF-y, 3D ýüz arkaly blokdan açmagy we 3D ýüz arkaly tölegi goldaýar. 
Adaty wersiýa we Pro wersiýa üç görnüşli ýady hödürleýär:

  • 12 GB + 256 GB
  • 12 GB + 512 GB
  • 12 GB + 1 TB

Pro+ wersiýasy iki görnüşli ýat bilen elýeterli:

  • 16 GB + 512 GB
  • 16 GB + 1 TB

Şeýle-de, täze modellerde kämilleşdirilen kamera bar. Ähli modeller 13 Mp frontal kamera eýe boldy. Adaty wersiýa 50 Mp esasy kamera, 12 Mp periskop, 40 Mp ultra giňburçly we 1,5 Mp infragyzyl obýektiw bilen üpjün edildi.
Pro we Pro+ wersiýalary 50 Mp esasy kamera, 48 Mp teleobýektiw, 40 Mp ultra giňburçly we 1,5 Mp infragyzyl obýektiw bilen üpjün edildi.
Smartfonlar IP68/IP69 standarty boýunça suwdan we tozandan goraga eýe boldy. Seriýa 5700 mA/sag sygymly akkumulýator bilen enjamlaşdyryldy. Adaty wersiýa 66 Wt kuwwatly çalt zarýad berşi goldaýar, Pro wersiýasy bolsa 100 Wt çenli ýokarlandy we 80 Wt simsiz zarýad berşi goldaýar.
Mundan başga-da, Mate 70 bu tapgyr üçin ýörite işlenip taýýarlanan täze emeli aň funksiýalaryny öz içine alýar. Ýöne häzirlikçe bu barada giňişleýin maglumat ýok.


16.01.2026 08:10
3.7k+

Xiaomi 17 Pro we Pro Max modelleriniň aktiwleşdirilen sany bir milliondan geçdi

Xiaomi-niň täze flagmanlary bolan Xiaomi 17 Pro we 17 Pro Max smartfonlarynyň her biriniň aktiwleşdiriliş sany bir millionlyk sepgitden ýokary geçdi. Bu barada hytaýly meşhur insaýder "Digital Chat Station" habar berdi...

31.12.2025 08:10
3.6k+

Huawei Mate 80 Hytaýda uly meşhurlyga eýe boldy: 23 günde 1,2 milliondan gowrak smartfon satyldy

Huawei Mate 80 smartfonlar seriýasy Hytaýyň içerki bazarynda hakyky meşhurlyk gazandy. Bu seriýanyň umumy satuwy takmynan 1,235 million birlige ýetdi. Bu bolsa Huawei kompaniýasynyň satuwa başlan ilkinji 23 gününiň dowamynda ortaça günde 50 müňden gowrak smartfon satandygyny aňladýar...

29.12.2025 00:24
3.3k+

Huawei-iň HarmonyOS ulanyjylarynyň sany 27 milliona ýetdi

Huawei kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen HarmonyOS operasion ulgamynyň altynjy wersiýasy şu ýylyň oktýabr aýynda çykdy we eýýäm 27 milliondan gowrak ulanyjy toplady. Bu barada Hytaýyň tehnologiýa ägirdiniň statistikasyna salgylanýan South China Morning Post gazeti habar berýär...

16.12.2025 17:18
2.7k+

Huawei Nova 15 smartfonlarynyň üç modelini yglan etdi we öňünden sargytlary alyp başlady

Huawei kompaniýasy öz onlaýn dükanynda täze Nova 15, Nova 15 Pro we Nova 15 Ultra smartfonlaryny hödürledi. Täze enjamlar üçin Hytaýda 15-nji dekabrda öňünden sargytlar kabul edilip başlandy, resmi satuwa çykarylşy bolsa 22-nji dekabrda geçiriler...