Ulugdepe ýadygärliginiň tapyndylary Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde goýuldy

  • 27.11.2024 16:27
  • 5.3k+

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde gadymy Ulugdepe şäherçesi diýlip tanalýan «Uly depe» sergisi açyldy. Sergi muzeýde hemişelik orun tutdy diýip, "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär.

Sergi Türkmen-fransuz arheologiýa ekspedisiýasynyň (MAFTUR) 30 ýyllygyna bagyşlanyp açyldy.
Gadymy Ulugdepe şäherçesi Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Duşak obasyndan 4 km günortada ýerleşýär.

Ulugdepe özboluşly arheologiki ýadygärlik bolup, onda Türkmenistanyň 5 müň ýyldan gowrak taryhyny görkezýän stratigrafiýa ýüze çykaryldy. Bu ýerde adam ýaşan gatlaklar has belende çykýar we giň meýdany öz içine alýar, bu bolsa Ulugdepäni Merkezi Aziýada we dünýäde bir sebitde şeýle uzak medeni möhletli seýrek duş gelýän ýerleriň birine öwürýär.


Gymmatly tapyndylar ilatyň göçüp-gonmagynyň netijelerini we uzak wagtlap dowam eden gadymy adamzat jemgyýetleriniň ösüşini görkezýär.

Antropomorf heýkeljikler, öý goşlary we guburlardan tapylan 230-dan gowrak maddy gymmatlyklaryň hemişelik sergisiniň açylmagy «Bouygues Turkmen» kompaniýasynyň goldawy bilen mümkin boldy.

*Fotosuratlar Hasan Magadowyňky.


şu gün 12:36
592

“Galkynyş” topary Türkiýede geçirilen medeniýet festiwalyna gatnaşdy

Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde Bütindünýä Etnosport Konfederasiýasy tarapyndan guralan 8-nji Halkara etnosport medeniýet festiwaly geçirildi. Dünýäniň 24 ýurdundan müňden gowrak wekiliň......

düýn 11:17
7.8k+

Türkmenistanda 110 müňe golaý uçurym üçin soňky jaň kakyldy

Türkmenistanda 2025/2026-njy okuw ýylynda 110 müňe golaý okuwçy orta mekdebi tamamlaýar. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär....

23.05.2026 15:54
6.7k+

Büzmeýin etrabynda täze mekdepler, çagalar bagy we saglyk öýi gurlar

Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň «Bagyr» ýaşaýyş toplumynda täze mekdepler, çagalar bagy we saglyk öýi gurlar. Paýtagty durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek we şäher infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak maksady......

23.05.2026 15:48
5.5k+

Iýun aýynda ýurdumyzda nähili medeni-dabaraly çäreler geçiriler

Şu ýylyň iýun aýynda Aşgabatda Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri we Arkadag şäheriniň 3 ýyllyk baýramy mynasybetli giň gerimli dabaralar geçiriler....