2040-njy ýylda iri şäherleriň ulag ulgamy nähili bolar? Mercedes-Benz çaklamalaryny paýlaşdy

  • 27.11.2024 14:47
  • 14k+

Mercedes-Benz 2040-njy ýyla çenli şäherlerde ulaglaryň geljegi baradaky garaýyşlaryny paýlaşdy. Kompaniýanyň çaklamalary futurologlar, sosiologlar we arhitektorlar ýaly, dürli ugurlar boýunça hünärmenler toparynyň barlaglaryna esaslanýar. Seljerme üç şäheri - Londony, Los-Anjelesi we Şençženi öz içine aldy diýip, auto.ru. habar berýär.

Kompaniýanyň pikirine görä, Londonda däp-dessurlar innowasiýalar bilen utgaşar. Jemgyýetçilik ulagy we merkezleşdirilen awtoulag duralgalary ösdüriler. Taryhy merkezde robotlaşdyrylan elektrik awtoulaglary ileri tutular.
Los-Anjeles elektrik awtoulaglaryna geçjek hususy ulaglara ünsi jemlär. Sürüjisiz hereket edýän awtoulaglar üçin aýratyn zolaklar bölüner we ýola gözegçilik etmegi elektronika öz üstüne alar.
Şençžen şäherinde hereket birnäçe derejede guralar. Bulut hasaplaýyş tehnologiýalary howa ulaglarynyň we ýokary tizlikli otlularyň üstüni ýetiriler.
Adaty tendensiýalar elektrikleşdirmegi, robotlaşdyrmagy we sanlylaşdyrmagy öz içine alýar. Mercedes-Benz öz işläp taýýarlaýyşlarynyň arasynda sürüjiler üçin wirtual äýnekleri, interýer üçin biomateriallary we energiýa öndürmek üçin örtükleri agzady.


20.06.2026 12:20
4.1k+

Mercedes Berlinde okly magnit akymly hereketlendirijileri öndürýän zawody açdy

Mercedes-Benz Berliniň Mariýenfelde etrabynda okly magnit akymly elektrik hereketlendirijilerini öndürýän kärhanany açdy. Bu tehnologiýa eýýäm Mercedes-AMG GT 4-Door Coupe nusgasynda ulanylýar....

03.06.2026 11:52
7.4k+

1991-nji ýylyň seýrek duşýan Mercedes-Benz 560SEL AMG modeli $165 müňe satyldy

ABŞ-da geçirilen auksionda 1991-nji ýylda öndürilen seýrek duş gelýän Mercedes-Benz 560SEL 6.0 AMG sedany satyldy. Alyjy AMG-yň zawod kämilleşdirmelerini alan bu awtomobil üçin 165 müň dollar töledi diýip,......

23.05.2026 15:59
5.1k+

Mercedes-Benz 98%-e çenli netijeli Bosch elektrik motorlaryna geçýär

Bosch kompaniýasy täze elektrik awtoulaglaryny elektrik motorlary bilen üpjün etmek boýunça Mercedes-Benz bilen uzak möhletli şertnama baglaşdy. Ylalaşyk azyndan 2030-njy ýyllara çenli möhlete niýetlenen....

21.05.2026 09:35
2.2k+

Täze Mercedes-AMG GT reňkini üýtgedýän üçege we 1169 at güýjüne eýe boldy

Mercedes-AMG kompaniýasy üç sany oklaýyn (aksial) elektrik motory bolan we 1169 at güýji kuwwatyny öndürýän täze elektrikli AMG GT 4-Door Coupe sport sedanyny tanyşdyrdy diýip, «The Verge» neşiri habar berýär....