Lionel Messi premium welosiped modelini çykarar

  • 27.11.2024 11:07
  • 14k+

“Inter Maýaminiň” we Argentinanyň milli ýygyndysynyň 37 ýaşly kapitany Lionel Messi öz welosiped modeli bilen welosport bazaryna çykmagy meýilleşdirýär. Relevo neşiriniň maglumatlaryna görä, sportuň bu görnüşi bilen gyzyklanýan argentinaly futbolçy premium derejesinde bu ulag serişdesini işläp taýýarlamak üçin tanymal welosiped ýaryşyna gatnaşyjy bilen hyzmatdaşlyga başlady.

Geljekki model müşderileriň isleglerine görä sazlanar. Welosiped eksklýuziw önümlere isleg bildirýän müşderilere niýetlenýär we onuň bazarda iň gowy nusgalar bilen bäsdeşlik etmegine garaşylýar.
Önümiň bahasy 10 – 15 müň ýewro bolar. Satuw 2025-nji ýylda başlap biler, ýöne takyk sene heniz belli däl.
“Inter Maýaminiň” kapitany üçin bu diňe bir işewürlik taslamasy däl-de, eýsem sporta bolan hyjuwyny telekeçilik bilen utgaşdyrmak üçin mümkinçilikdir.


şu gün 10:24
2.8k+

Iraola resmi taýdan «Liwerpulyň» baş tälimçisi boldy, ýöne şertnamanyň möhleti aýdylmady

«Liwerpul» futbol kluby 43 ýaşly ispan hünärmeni Andoni Iraolanyň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Şol bir wagtda, mersisaýdlylar täze halypa bilen baglaşylan......

şu gün 08:15
2.4k+

Dewid Bekhem Holliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ýyldyz alar

Futbol boýunça Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Golliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ady ýazylan ýyldyza eýe bolar. Bu barada Holliwudyň Söwda palatasy habar berdi....

düýn 15:52
7.8k+

Transfermarkt: Abdukodir Husanow Aziýanyň iň gymmat futbolçysy

«Mançester Siti» toparynyň we Özbegistanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Abdukodir Husanow Transfermarkt internet portalynyň täze maglumatlaryna görä, Aziýanyň iň gymmat bahaly futbolçysyna öwrüldi. Portal......

04.06.2026 23:46
5.1k+

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......