Toyota 2006-njy ýylda önümçiligi bes eden meşhur modelini yzyna gaýtarýar

  • 28.11.2024 14:43
  • 11k+

Toyota kompaniýasynyň baş direktory Akio Toýoda 2006-njy ýylda önümçiligi togtadylan meşhur sport awtoulagy Celica-nyň bazara gaýdyp geljekdigini habar berdi. Bu barada ol Best Car neşirine gürrüň berdi.

Celica-nyň gaýtadan bazara çykaryljakdygy baradaky gürrüňler bir ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýärdi. 2023-nji ýylyň oktýabrynda Toýoda, kompaniýanyň modeliň täzeden çykarylmagyny isleýän muşdaklaryndan köp sanly haýyşlary alýandygyny belläpdi. Soňra Toyota-nyň prezidenti Sunedzi Sato hem bu başlangyja goldaw bildirdi.
Celica 1970-2006-nji ýyllar aralygynda çykaryldy, bu döwrüň dowamynda model birnäçe gezek täzelenip, Toyota-nyň sport awtoulaglarynyň arasynda iň meşhurlarynyň birine öwrüldi.
Celica modeli markanyň ösüşinde hem möhüm rol oýnady: onuň esasynda Supra modeli döredildi. Häzirki wagtda bu model kompaniýanyň öňdebryjy sport awtoulagy hasaplanýar.


düýn 14:05
4.1k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

düýn 08:16
2.7k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
4.9k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6.1k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......