Kripto maýadar ABŞ-da 3 million dollarlyk hazynaly sandyklaryny gömdi we olary tapmak ugrundaky synanyşygy yglan etdi

  • 26.11.2024 17:59
  • 20k+

Kaliforniýaly sazanda we kripto maýadar Jon Kollinz-Blek ABŞ-da umumy bahasy 3 million dollara çenli bolan bäş sany hazynaly sandygyny gizledi we olary tapmak üçin gözükdirme berdi diýip, Business Insider habar berýär.

Syrly sandyklarda gymmatly zatlar bar: ilkinji fiziki Casascius bitkoini, Kolumbiýadan getirilen ýaşyl zümerret, gark bolan gäminiň taryhy ähmiýetli galyndylary, Jorj Waşingtonyň bulgury we 2002-nji ýylyň Shining Charizard pokemon kartoçkasy. Bu zatlaryň bahasy 2-3 million dollar diýlip hasaplanylýar.
Telekeçi “Içinde hazyna bar” atly kitabynda sandyklaryň ýerleşýän ýeri barada maglumat berýär. Onuň sözlerine görä, hazynany gözlemek üçin kitaby bar ünsüňi berip okamaly. Şeýle hemadaty bolmadyk pikirlenişe eýe bolmaly. Sandyklar jemgyýetçilik ýerlerinde howpsuz şertlerde gizlenipdir. Olary hususy ýerleri gazyp tapyp bolmaz.

Telekeçi: “Eger bitkoiniň bahasy 500 müňe çenli ýa-da 1 million dollara çyksa, bu hazynalar ýene 5-7 ýyldan 10 million dollar bolar. Kimdir biri olary tapaýsa, men muny diňe baýram ederin we begenerin " - diýdi. Gizlenen taryhy ähmiýetli galyndylaryň arasynda onuň iň gowy görýän zadynyň ýokdugyny, ýöne zümerrete aýratyn gadyr goýýandygyny, sebäbi oňa “seretmegiň ýakymlydygy” aýtdy.

Bäş sandygyň her biri tapmaçaly gutudyr. Sandyklary tapanlar olary zor bilen açmaz ýaly, ýanynda gözükdirme goýlan.
Kripto maýadaryň aýtmagyna görä, sandyklaryň nirededigini onuň diňe özi bilýär, şonuň üçin onuň garyndaşlaryndan we dostlaryndan soramagyň haýry ýok. Telekeçi syýahat wagtynda 160 kilometrden gowrak ýoly pyýada geçip, her gutyny ýurduň her ýerinde gizledi.
Kollinz-Blek kollektor Forrest Fenniň hekaýatyndan ylham aldy, ol hem hazyna gizläpdi we öz terjimehalynda ony tapmagyň gözükdirmesini galdyryp, müňlerçe adamy gözlege atarypdy. Kollinz-Blek hem şol gözleglere goşuldy, ýöne şowsuz boldy. Altynly we şaý-sepli hazyna 10 ýyllap gözlendi we ahyrda 2020-nji ýylda ABŞ-nyň Gaýaly daglaryndan tapyldy.
Kripto maýadar bu taslamany pandemiýa döwründe durmuşa geçirip başlady we ony geljek nesiller üçin gyzykly synag hasaplaýar.


şu gün 00:57
2.4k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

19.06.2026 19:53
2.2k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

15.06.2026 12:34
1.6k+

Paramount-yň Warner Bros.Discovery-ny satyn almagyna ýene bir böwet aradan aýryldy

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Paramount Skydance kompaniýasy tarapyndan Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça 111 milliard dollarlyk şertnamany makullady....

13.06.2026 09:33
10k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......