Konýuhow täze ekspedisiýa ugraýar. Syýahatçy iki aý Antarktidada bolar

  • 26.11.2024 14:38
  • 11k+

Russiýaly syýahatçy Fýodor Konýuhow 2025-nji ýylyň dekabrynda Antarktidadaky Liwingston adasyna ýeke özi ekspedisiýa ugrar. Saparyň maksady - polýar stansiýasyny gurmak we mikroplastikden hapalanmak meselesini öwrenmek diýip, ol Argentinanyň žurnalistlerine gürrüň berdi.

“Bu adanyň uzynlygy 20 kilometre, ini 6 kilometre barabar. Ol ýerde hiç kim ýok. Diňe pingwinleriň, týulenleriň we albatroslaryň koloniýasy bar. Ilki bilen ol ýere bir möwsüme, iki aýlyk gitmek isleýäris "- diýip syýahatçy belledi.

Beýleki zatlar bilen birlikde, Konýuhow ada rus dilindäki Smolenskaýa adyny gaýtaryp bermek isleýär.

Konýuhow: "Biz polýar stansiýasyny gurup, oňa Smolenskaýa diýip at bermegi makul bildik" – diýip gürrüň berdi. Häzir ada “Iňlis dilindäki kartalaryň has giň ýaýramagy sebäpli Liwingston ady bilen meşhurdyr” diýip, TASS ýazýar.

Konýuhow adada Antarktidanyň mikroplastika bilen hapalanmagy temasy boýunça ylmy barlaglaryny geçirer. Stansiýa iki çadyrdan ybarat bolar. Syýahatçy birinde ýaşamagy, beýlekisinde bolsa barlaglary geçirmegi meýilleşdirýär.
Konýuhow Antarktika hakyndaky şertnama gol çeken ýurtlaryň geňeşinden eýýäm rugsat alandygyny aýtdy. Ol: "Ýekelikde barlag geçirmek has aňsat, çünki ýanyňa az zat äkidýärsiň we göterip gezjek zadyňam az bolýar" –diýip düşündirdi.
Häzirki wagtda Konyuhow Uşuaýa şäherinde bolup, Çiliniň Gorn burnundan Awstraliýanyň Luin burnuna çenli kürekli gaýykda ýüzmäge taýynlanýar. Ol bu aralygy 200 günde geçer. Kenara 25-nji noýabrdan 5-nji dekabr aralygynda çykmagy meýilleşdirýär.


25.06.2026 17:08
10k+

160 kg altyn teňňe ýitdi: Sankt-Peterburgda «asyryň ogurlygy» derňelýär

Russiýanyň Sankt-Peterburg şäherinde bankyň saklawhanasyndan altyn maýa goýum teňňeleriniň ogurlandy. Häzir bu jenaýat boýunça uly iş gozgalyp, derňew işleri alnyp barylýar. Derňewiň maglumatlaryna görä, ýiten......

19.06.2026 19:36
6.3k+

Içgysgynç terminallary ýatdan çykaryň: Ýer ýüzüniň iň owadan ýedi howa menzili kesgitlendi

Arhitektura boýunça abraýly «Prix Versailles» bäsleşigi «World’s Most Beautiful Airports List 2026» sanawyny çap etdi. Oňa köne interýerlerden ýüz öwrüp, öňdebaryjy çözgütleri saýlap alan hem-de syýahat......

03.06.2026 18:04
2.5k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....

29.05.2026 15:22
9.7k+

Sankt-Peterburgda meýletinçiler 27 müňden gowrak gurlawugy we gurbagany ýoldan geçirdiler

Sankt-Peterburgda "Amfibiýalara ýol beriň!" kampaniýasy geçirildi, onuň dowamynda meýletinçiler möwsümleýin göçýän döwürlerinde 27 289 gurlawuga we gurbaga gatnawly awtoulag ýolundan geçmäge kömek etdiler. Bu......