15 ýyldan soň meşhur S.T.A.L.K.E.R. oýnunyň dowamy çykdy

  • 25.11.2024 11:48
  • 3.8k+

15 ýyl işläp düzmeden we ençeme gezek yza süýşürmeden soň S.T.A.L.K.E.R. 2: Heart of Chornobyl oýnunyň relizi boldy.

Oýun PC (Steam, GOG, Epic Games Store, Microsoft Store), Xbox Series X ǀ S platformalarynda we Game Pass ýazylyşygynda elýeterli boldy. Oýny işläp düzüji GSC Game World studiýasy relizden soň iki günde şuteriň satuwynyň 1 mln nusgadan geçendigini habar berdi.
Reliz geýmpleý treýleri bilen utgaşdy. Oýun 60 inedördül kilometr meýdanly açyk dünýäni, hardkor geýmpleýi, 40 sagatlyk köpugurly sýužeti, azyndan üç finaly, Unreal Engine 5 grafikasyny we rus diline tekst terjimesini hödürleýär.
Oýnuň wakalary “Pripýatyň çagyryşyndan” 10 ýyl soň ýaýbaňlanýar. Oýunçy esasy syryny gözlemek üçin Zonany öwrenýän stalker Skifi dolandyrýar.
Oýun 60 dollar başlangyç baha bilen üç wersiýada elýeterli. Adaty wersiýa diňe oýun girýär. Goşmaça 20 dollar tölemek bilen bonus ýaragyny we kostýumlary, goşmaça wezipeleri, artbuk we saundtrek almak bolýar. 110 dollarlyk wersiýa, görkezilenlerden başga-da, iki sýužet goşmaçasy üçin möwsümleýin abonement berer.
Işläp düzüjiler yzygiderli täzelenmäni, şol sanda dekabr aýynda has giňişleýin yglan ediljek mugt kontenti anons etdiler. Topar seslenmeleri yzarlamagy we näsazlyklary çalt düzedip, patçileri çykarmagy wada berýär. 

düýn 20:14
1.7k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 20:02
666

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......

düýn 19:56
2.8k+

Şotlandiýaly janköýer ýygyndysynyň oýny üçin ABŞ-ny pyýada söküp, haýyr-sahawat üçin 1 million funt sterling toplady

Şotlandiýanyň Peýsli şäherinden bolan 22 ýaşly futbol janköýeri Kreýg Fergýuson ABŞ-nyň tutuş çägini pyýada kesip geçdi. Bu barada «WBUR» radiostansiýasy habar berýär....

düýn 19:53
1.1k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......