Volkswagen Tiguan-yň üçünji nesli bilen tanyşdyrdy

  • 24.11.2024 16:41
  • 5.7k+

 

Volkswagen ýokarlandyrylan kuwwaty, tygşytlylygy we tehnologiki taýdan ösen salony bilen tapawutlanýan täzelenen Tiguan-yň üçünji nesli bilen tanyşdyrdy. Bu barada Motor1 çeşmesi habar berdi.

Doly täze model MQB Evo platformasynda guruldy. Awtoulagyň gurluşy berkligini saklamak bilen, alýuminiý ulanylany sebäpli agramy 77 kg ýeňilleşdi. Modeliň daşky görnüşinde yzky swesi has gysgaldy we gabarasy ulaldy.
Täze Tiguan şu aşakdakylar bilen enjamlaşdyryldy:

  • 201 at güýji bolan 2,0 litrlik turbo görnüşli EA888 hereketlendirijisi (öň 184 at güýji bardy) 8 tizlikli awtomatiki geçiriş bilen jübütlenen;
  • tekerleri doly hereketli görnüşleri üçin 820 kg-a çenli çekijilik ukyby bar;
  • opsional 19 we 20 dýuýmlyk teker diskaly standart 17 dýuýmlyk tekerler.

Volkswagen ýangyç harçlanylyşynyň tygşytlanandygyny mälim etdi, ýöne takyk san aýdylmaýar.

Salonyň aýratynlyklary:

  • standart 10,25 dýuýmlyk sanly gural paneli we 12,9 ýa-da 15 dýuýmlyk maglumat ekrany;
  • 12 dinamikli Harman Kardon ulgamy;
  • gowulaşdyrylan simsiz zarýad beriji (15 Wt);
  • standart goşa zolakly howa gözegçiligi, opsional üç zolakly.

Şeýle hem, Volkswagen merkezi konsolyň göwrümini 7,6 litre çenli artdyrdy we hereketiň režimlerini dolandyryş funksiýasy bilen sesi fiziki sazlaýjyny goşdy.


düýn 11:11
3.1k+

Ýapon hili nemes tehnologiýasyna garşy: Toyota bilen VW-niň ygtybarlylygynyň detallaýyn deňeşdirmesi

Consumer Reports neşiriniň täze geçiren barlagyna görä, Toyota ýapon brendi nemes Volkswagen kompaniýasyndan öňünden çaklanylýan ygtybarlylyk babatda uly artykmaçlygy görkezdi....

13.05.2026 09:33
6.7k+

61 ýurtda iň köp satylýan awtoulag markalary yglan edildi; Toyota 25 ýurtda öňdeligi eýeledi

Focus2Move synçy kompaniýasy 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça 61 ýurtda iň köp satylan awtoulag markalarynyň sanawyny çap etdi. Garaşylyşy ýaly, dünýä bazarynyň lideri bir wagtyň özünde 25 ýurtda birinji orny......

06.05.2026 08:17
1.7k+

Volkswagen önümçiligini ýylda ýene bir million ulaga çenli azaltmak meýli barada yglan etdi

Volkswagen konserniniň ýolbaşçysy Oliwer Blýume 2028-nji ýyla çenli Ýewropada önümçilik möçberini ýylda takmynan ýene bir million awtomobil azaltmak meýilnamasynyň bardygyny mälim etdi. Bu çäre amaly......

05.05.2026 15:31
2.1k+

Volkswagen kompaniýasy Hytaýda elýeterli Jetta X krossowerini görkezdi

Volkswagen kompaniýasy Hytaý bazary üçin niýetlenen täze Jetta X elektrik krossoweri bilen tanyşdyrdy. Bu modeliň brendiň soňky ýyllarda ýerli önüm öndürijileriň bäsdeşligi sebäpli gowşan ornuny dikeltmäge......