Fotosuratçy seýrek duşýan gara pingwini surata aldy. Kowumdaşlary oňa nähili garaýarlarka?

  • 24.11.2024 14:35
  • 9.2k+

Atlantika ummanyndaky Günorta Georgiýa adasynda Belgiýanyň ýabany tebigat boýunça fotosuratçysy Iw Adams ilkinji gezek seýrek duş gelýän, tutuşlygyna şar gara reňkli ýelege basyrylan pingwini surata aldy. Bu barada Daily Mail neşiri habar berýär.

Alymlaryň pikirine görä, şa pingwinleri üçin guşuň özboluşly gara reňki melaniniň aşa köpelmegine sebäp bolýan seýrek genetiki mutasiýa bilen baglanyşyklydyr. Şol sebäpli haýwanyň ýelekleri we garny adaty ak, sary tegmillerini ýitirýär. Şeýle guşlar ýüz müňlerçäniň arasynda bir gezek duş gelýär. Bu pingwinlere ýaşamak has kyn, sebäbi olar Antarktikanyň açyk reňkli landşaftynda hemişe göze ilýär, beýlekiler üçin ak garyn, köplenç, daş-töwerek bilen garyşyp gitmäge kömek edýär.
Pingwin ekspedisiýa wagtynda Sent-Endrýus aýlagynda tapyldy. Ekspedisiýanyň ýolbaşçysy guşy ilkinji bolup gördi, soň bolsa fotosuratça bu barada habar berdi. Adams ony surata düşürmek üçin dessine kenara ylgady. Wagt azdy, pingwin koloniýa tarap barýardy, barlagçylar guşlary bilelikdekä biynjalyk etmejek bolýardylar.

"Uzakdan gara reňk şar gara bolup görünýär, ýöne ýakynlaşdygyňsaýy boýnundaky we garnyndaky käbir tegmiller metal ýaşyl ýaly görünýär" – diýip, Adams gürrüň berdi.

Fotosuratçy birnäçe gezek surata aldy, soňra pingwin koloniýa goşulanda, kowumdaşlarynyň täsin guşa nähili garaýandyklaryna syn etdi. Beýleki pingwinleriň ony saýry saýmaýandygyny belläp geçdi.

düýn 20:14
1.8k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 20:02
812

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......

düýn 19:56
3.4k+

Şotlandiýaly janköýer ýygyndysynyň oýny üçin ABŞ-ny pyýada söküp, haýyr-sahawat üçin 1 million funt sterling toplady

Şotlandiýanyň Peýsli şäherinden bolan 22 ýaşly futbol janköýeri Kreýg Fergýuson ABŞ-nyň tutuş çägini pyýada kesip geçdi. Bu barada «WBUR» radiostansiýasy habar berýär....

düýn 19:53
1.2k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......