Hümmeti 3 pens bolan şaýy pul auksionda 2,5 million dollara satyldy. Ol 1652-nji ýylda Bostonda zikgelenipdir

  • 23.11.2024 11:45
  • 5.6k+

Seýrek duş gelýän, hümmeti üç pens bolan şaýy pul numizmatik auksionda 2,5 million dollara satyldy. “Täze Angliýanyň” ýa-da “Massaçusetsiň” kümüş üç şaýlygy 1652-nji ýylda Bostonda zikgelendi we Amerikanyň koloniýalarynyň ilkinji ýyllarynda döredilen seýrek şaýlyklaryň biri hasaplanýar diýip, popsci.com habar berýär.

Nusga 2016-njy ýylda Amsterdamdaky köne şkafdan tapyldy. Bilermenleriň pikirine görä, bu şaýy Niderlandlara 1770-nji we 1780-nji ýyllarda patyşalykda ilçi bolup işlän we soňra ABŞ-nyň 2-nji prezidenti bolan Jon Adamsyň maşgalasy tarapyndan getirilen bolmagy mümkin diýip hasaplanýar. Adamsyň aýaly Boston zikgehanasyny esaslandyryjylaryň biri Jon Hall bilen garyndaş eken.
Bostonyň zikgehanasy 1652-nji ýylyň 27-nji maýynda şaýlyklary çykaryp başlady we çykarylan ähli şaýlyklar seýrek hasaplanýar, ýöne rekord gazanan üç penslik şaýynyň ajaýyplygy onuň edara resmi taýdan açylmazyndan birnäçe hepde öň çykandygy bilen baglydyr. Ýaňy-ýakyna çenli şular ýaly üç penslik şaýyň diňe biriniň bardygy bellidi, ol Massaçusetsiň taryhy jemgyýetinde saklanýar.
Lotuň ahyrky bahasy asylky bahasyndan üç esse köpdi. Şaýy pul auksionda dessine näbelli kolleksioneriň eline geçdi.


şu gün 00:57
2.5k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

19.06.2026 19:53
2.2k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

15.06.2026 12:34
1.6k+

Paramount-yň Warner Bros.Discovery-ny satyn almagyna ýene bir böwet aradan aýryldy

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Paramount Skydance kompaniýasy tarapyndan Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça 111 milliard dollarlyk şertnamany makullady....

13.06.2026 09:33
10k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......