Diwara skoç bilen ýelmenen banan Sotheby's auksionynda 6,2 million dollara satyldy

  • 22.11.2024 08:29
  • 13k+

Italiýaly suratkeş Maurisio Kattelanyň kümüş reňkli skoç bilen ak diwara ýelmenen banany Sotheby’s auksionynda 6,2 million dollara satyldy diýip, The New York Times habar berýär.

Ilkibaşda installýasiýanyň 1,5 million dollar gazanmagyna garaşylýardy.
Banan bilen birlikde alyja hakykylyk şahadatnamasy we banany çüýränden soň ony nädip çalşyp boljakdygy barada görkezmeler berler.


Installýasiýany hytaýly kripto-telekeçi we sungat kolleksioneri Jastin San satyn aldy. Ol auksionda iň ýokary mukdary teklip edip, alty bäsdeşini ýeňdi.
Jastin San bu installýasiýany “sungat dünýäsini, ýatlamalary we kriptowalýuta jemgyýetini birleşdirýän” medeni hadysa diýip atlandyrdy. Ol ýakyn wagtda "sungatyň taryhynda we meşhur medeniýetde tutýan ornuna hormat goýmak bilen" banany iýmegi meýilleşdirýändigini aýtdy.
Ýerden 160 santimetr belentlikde skotç bilen diwara ýelmenen banan ilkinji gezek 2019-njy ýylyň dekabrynda Maýamidäki Art Bazel halkara sungat sergisinde görkezildi. Maurisio Kattelan bu eseri “Comedian” diýip atlandyrdy.
Sergiden soň Perrotin Gallery Kattelanyň üç sany bananynyň hersini 120 – 150 müň dollar aralygynda satdy. Galereýada görkezilen bananlaryň ýene birini suratkeş Dewid Datuna iýdi.

düýn 20:14
1.7k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 20:02
666

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......

düýn 19:56
2.8k+

Şotlandiýaly janköýer ýygyndysynyň oýny üçin ABŞ-ny pyýada söküp, haýyr-sahawat üçin 1 million funt sterling toplady

Şotlandiýanyň Peýsli şäherinden bolan 22 ýaşly futbol janköýeri Kreýg Fergýuson ABŞ-nyň tutuş çägini pyýada kesip geçdi. Bu barada «WBUR» radiostansiýasy habar berýär....

düýn 19:53
1.1k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......