Dünýäniň awtoulag bazary bäş aýda ilkinji gezek ösüş görkezdi: satuw boýunça Hytaý birinji orunda

  • 22.11.2024 08:20
  • 12k+

2024-nji ýylyň oktýabr aýynyň jemi boýunça bütin dünýäde ýeňil we ýeňil täjirçilik awtoulaglarynyň satuwy 7 932 657 birlige ýetdi, bu bolsa bir ýyl ozalkydan 5,7% köpdür. 10 aýda dünýä bazarynyň möçberi 71 736 401 birlik (+1,1%) boldy. Şeýle maglumatlary GlobalData konsalting kompaniýasy getirýär.

“Awtostat” seljeriş agentliginiň hünärmenleriniň habar bermegine görä, dünýäniň awtomobil bazary soňky bäş aýda ilkinji gezek oňyn ösüşi görkezdi. Soňky gezek ösüş maý aýynda hasaba alnypdy, iýun – sentýabr aýlarynda bolsa bazar diňe pese gaçdy.
Güýzüň ikinji aýynda awtomobil satuwy boýunça öňdebaryjy Hytaý boldy, bu ýerde 2 484 474 awtomobil satyldy. Bu 2023-nji ýylyň oktýabr aýyndaky görkezijiden 5,1% köpdür.
ABŞ-da 1 343 919 awtomobil satyldy, bu bir ýyl ozalkydan 11,5% köp.
Oktýabr aýynda Günbatar Ýewropa ýurtlarynda ykdysady meseleleriň satuwa täsiri sebäpli, awtomobil satuwy 0,1% azalyp, 1 078 227 birlik boldy. Şol bir wagtyň özünde Gündogar Ýewropa ýurtlarynda awtomobil satuwy 18% ýokarlanyp, 425 805 birlik boldy.
Günorta Amerikada bir aýda 290 853 awtomobil satyldy, bu geçen ýylyň oktýabr aýy bilen deňeşdirilende, 18% köpdür.
Dünýäniň iň uly awtomobil bazarlarynyň hatarynda Ýaponiýany (398 769 awtomobil, +0,7%), Kanadany (159 000 birlik, +15,1%) we Günorta Koreýany (143 272 birlik, +3,2%) hem bellemek gerek.


13.05.2026 23:03
1.5k+

Dreame kompaniýasy 100 km/sag-a 0,9 sekuntda çykyp bilýän raketa güýçlendirijili giperkar döretdi

Hytaýyň Dreame kompaniýasy Nebula Next 01 giperkarynyň Jet Edition atly täze görnüşini tanyşdyrdy. Bu modeliň esasy aýratynlygy — onuň 100 km/sag tizlige bary-ýogy 0,9 sekuntda ýetmegine mümkinçilik berýän iki......

10.05.2026 21:39
3.6k+

Porsche satuwyň peselmegi bilen ýüzbe-ýüz boldy we käbir golçur kompaniýalaryny ýapýar

Germaniýanyň Porsche awtoulag öndürijisi giň gerimli gaýtadan guramak işleriniň çäginde özüniň Porsche E-Bike Performance, Cellforce Group we Cetitec ýaly golçur kompaniýalarynyň ýapylýandygyny yglan etdi....

06.05.2026 00:12
2.7k+

Xpeng 2027-nji ýylda uçýan awtoulaglary iberip başlamagy meýilleşdirýär

Hytaýyň Xpeng kompaniýasy 2027-nji ýylda uçýan awtoulaglary iberip başlamagy meýilleşdirýär. Öndüriji eýýäm 7000-den gowrak sargyt aldy, olaryň köpüsi Hytaýdan gelip gowşan sargytlar....

05.05.2026 15:31
2.1k+

Volkswagen kompaniýasy Hytaýda elýeterli Jetta X krossowerini görkezdi

Volkswagen kompaniýasy Hytaý bazary üçin niýetlenen täze Jetta X elektrik krossoweri bilen tanyşdyrdy. Bu modeliň brendiň soňky ýyllarda ýerli önüm öndürijileriň bäsdeşligi sebäpli gowşan ornuny dikeltmäge......