Usman Nurmagomedow Dubaýda Pol Hýuz bilen söweşde Bellator titulynyň goragyny geçirer

  • 21.11.2024 11:18
  • 13k+

Ýeňil agramda Bellator-yň çempiony russiýaly söweşiji Usman Nurmagomedow irlandiýaly Pol Hýuz bilen söweşde üçünji titul goragyny geçirer. Söweş 2025-nji ýylyň 25-nji ýanwarynda Dubaýda geçiriler diýlip, PFL-iň X sosial ulgamyndaky sahypasynda habar berilýär.

Söweş "Dagystan vs Irlandiýa. Bölüm 2" ýazgysy bilen anons edildi. Şeýle etmek bilen guramaçylar Usmanyň doganoglany Habib Nurmagomedowyň 2018-nji ýylda UFC-de Konor Makgregor bilen bolan belli söweşine salgylanýarlar.
Usman Nurmagomedow 26 ýaşynda. Onuň hasabynda 18 ýeňiş bar, bir söweş geçirilmedik diýlip hasaplandy. Hýuz 27 ýaşynda bolup, onuň hasabynda 13 ýeňiş bilen bir ýeňliş bar. 


17.04.2026 09:31
22k+

«Söweş – meniň ömrüm!» Döwletjan PFL Belfast ýaryşynda Taýson Pedrodan rüstem geldi

Türkmen söweşijisi Döwletjan Ýagşymyradow Demirgazyk Irlandiýanyň paýtagtynda şu gün irden geçirilen PFL Belfast ýaryşynda awstraliýaly Taýson Pedrony ýeňmegi başardy....

13.03.2026 12:13
9.1k+

Hamzat Çimaýew UFC 328 ýaryşynda Şon Striklend bilen tutluşar

UFC-niň orta agramda häzirki çempiony, 31 ýaşly ýeňilmezek Hamzat Çimaýew bu agramda promouşeniň öňki çempiony, amerikaly Şon Striklend bilen tutluşar. Bu barada liganyň X sosial ulgamyndaky resmi akkaunty habar berýär...

11.03.2026 18:54
9k+

Oliweýra UFC-niň iň gowy söweşijileriniň P4P reýtingine gaýdyp geldi, Sarukýan çykdy

Braziliýaly söweşiji Çarlz Oliweýra agram derejesine garamazdan (pound-for-pound) UFC-niň iň gowy 15 söweşijisiniň sanawyna gaýdyp geldi. Reýtingdäki bu üýtgeşme Oliweýra UFC 326 ýaryşynda Maks Holloweýi ýeňip, BMF guşagyny gazanandan soň bolup geçdi...

10.03.2026 12:23
16k+

Döwletjan Ýagşymyradow PFL Belfast ýaryşynda Taýson Pedro bilen urşar

Garyşyk söweş sungaty (MMA) boýunça türkmen pälwany Döwletjan Ýagşymyradow 16-njy aprelde Demirgazyk Irlandiýanyň Belfast şäherindäki «SSE Arena» arenasynda geçiriljek PFL Belfast ýaryşynda awstraliýaly Taýson Pedro bilen duşuşar...