Ford noýabrda dört gezek ulaglaryny yzyna çagyrdy, kompaniýa iki täze derňewiň merkezine düşdi

  • 20.11.2024 13:16
  • 4.6k+

Noýabr aýynda Ford kompaniýasy ABŞ-da howpsuzlyk bilen baglanyşykly näsazlyklar sebäpli ulaglaryny dört gezek yzyna çagyrmaly boldy. Şol bir wagtyň özünde Milli ýol hereketiniň howpsuzlygy dolandyryş gullugy (NHTSA) awtoulag öndürijisiniň önümleriniň ygtybarlylygy baradaky şikaýatlar boýunça iki täze derňew işine başlady diýip, tarantas.news habar berýär.

16-njy noýabrda Ford 30 000-den gowrak ulagyň yzyna çagyrylýandygy barada  habarnamalary iberdi.
Birinji yzyna çagyryş 65 sany Ford Ranger 2023 ulagyna degişli. Ulaglarda ýangyç geçiriji bilen berkidiji elementiň arasynda ýeterlik deşigiň ýokdugy anyklandy, bu bolsa  ýangyjyň syzmagyna we ýangynyň döremegine sebäp bolup biler.
Ikinji ýagdaý 2 418 sany F-150 (2023-2024-nji ýyllarda öndürilen), Expedition (2023-nji ýylda öndürilen) we Lincoln Navigator (2023-nji ýylda öndürilen) ulaglaryna degişli. Bu modellerde hereketlendirijiniň gapaklarynyň nädogry gurnalandygy, ýag syzdyrmak we ýangyn howpuny döredýändigi anyklandy.
Üçünji çagyryş 27 678 awtoulagda howpsuzlyk ýassygynyň işleýşini  duýdurýan hökmany stikerleriň ýoklugy bilen baglanyşykly yglan edildi.
Dördünji kemçilik 15 sany Ford Escape (2023-2024-nji ýyllarda öndürilen) awtoulagynda  tapyldy: gurallaryň paneliniň näsazlygy ýolagçynyň howpsuzlyk ýassygynyň işleýşine päsgel berip biler.
Yzyna çagyryşlardan başga-da, NHTSA iki sany täze derňew işini açdy. Birinjisi, Ford Expedition-a degişli, onda howpsuzlyk kemerini çekijileriň kemçiligi sebäpli olaryň tötänden işläp  başlamagy mümkin. Ikinjisi - programma üpjünçiligi täzelenenden soň, Bronco Sport-daky we Maverick-däki batareýalar bilen baglanyşykly çözülmedik meseleler.
Ford ýüze çykarylan ähli näsazlyklary aradan aýyrmagyň üstünde işleýändigini aýtdy. NHTSA ýagdaýlaryň her biri barada maglumat ýygnamagyny dowam etdirýär.


19.06.2026 19:45
1.9k+

Ford 100 km-e bary-ýogy 4,64 litr ýangyç sarp edýän we 308 at güýçli «Mondeo Sport 2026» modelini tanyşdyrdy

Ford kompaniýasy Çunsin şäherindäki awtosalonda 308 at güýjüne barabar gibrid güýç gurluşyna we 100 kilometre 4,64 litr ýangyç sarp edýän görkezijisine eýe bolan 2026-njy model ýylynyň täzelenen «Mondeo Sport»......

05.06.2026 15:49
4.6k+

Ford howpsuzlyk kemerindäki näsazlyk sebäpli 420 müňe golaý ulagy yzyna çagyrýar

Ford Motor kompaniýasy howpsuzlyk kemerinde ýol-ulag heläkçiliginde şikes almak howpuny ýokarlandyryp biljek kemçilik sebäpli ABŞ-da 419 967 ulagy yzyna çagyrýandygyny yglan etdi....

04.06.2026 17:27
3.2k+

Mazda ýaş sürüjiler üçin iň gowy ulaglaryň reýtinginde birinji orna çykdy

Amerikanyň IIHS we "Consumer Reports" guramalary tarapyndan taýýarlanan ýetginjekler üçin iň howpsuz awtoulaglaryň ýyllyk reýtinginde "Mazda" garaşylmadyk ýagdaýda lider boldy....

09.05.2026 09:12
2.2k+

Ford Mustang Cobra Jet 2200 elektromobilleriň tizlik rekordyny täzeledi

Ford Motor Company tarapyndan öndürilen Ford Mustang Cobra Jet 2200 drag-reýsing ýaryşlarynda elektrik awtoulaglarynyň arasynda täze dünýä rekordyny goýdy....