Oppo “jadyly” aksessuarlar bilen Reno 12F Harry Potter smartfonyny hödürledi

  • 20.11.2024 12:09
  • 2.9k+

Oppo dünýä bazarynda Garri Potter tematikasyna bagyşlanan täze Oppo Reno 12F Harry Potter Special Edition smartfonyny hödürledi. Ol eýýäm Peruwyň bazarynda ýerli aragatnaşyk operatorynyň üsti bilen satyn almak üçin elýeterlidir.

Smartfon toplumyna jadygöý oglanjyk baradaky wakanyň tematikasynda aksessuarlar girýär. Gurluşyň gutusy jadylar kitaby görnüşinde ýerine ýetirildi. Onuň içinde jadyly taýajyk görnüşinde stilus, gorag daşlygy, “Golden Snitch” brelogy, “Ölüm peşgeşleri” şekilindäki SIM-karty çykarmak üçin guraljyk we Hogwartsa kabul edilendigi barada hat bar. Mundan başga-da, telefonyň arka tarapynda jadygöýlik mekdebiniň nyşany şekillendirilen.
Tehniki aýratynlyklar barada aýdylanda, smartfon asyl modeliň kuwwatyny saklady. Ol MediaTek Dimensity 6300 prosessory, 12 GB operatiw ýat we 2 TB çenli giňeldilip bilinjek 256 GB içerki ýat bilen üpjün edildi. Telefon 50 Mp esasy, 32 Mp frontal kamera, şeýle-de 6,67 dýuým Full HD displeýine eýe boldy.
5000 mA/sag akkumulýator 45 Wt çalt zarýad berşi goldaýar. 
Oppo Reno 12F Harry Potter Special Edition smartfonynyň bahasy 420 dollar.

düýn 20:14
1.7k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 20:02
666

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......

düýn 19:56
2.8k+

Şotlandiýaly janköýer ýygyndysynyň oýny üçin ABŞ-ny pyýada söküp, haýyr-sahawat üçin 1 million funt sterling toplady

Şotlandiýanyň Peýsli şäherinden bolan 22 ýaşly futbol janköýeri Kreýg Fergýuson ABŞ-nyň tutuş çägini pyýada kesip geçdi. Bu barada «WBUR» radiostansiýasy habar berýär....

düýn 19:53
1.1k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......