Nike doly diýen ýaly 3D printerde çap edilen krossowkany çykardy

  • 20.11.2024 10:34
  • 6.2k+

Nike kompaniýasy doly derejede diýen ýaly 3D çap usulynyň kömegi bilen taýýarlanan ilkinji krossowkasy Air Max 1000-i çykardy. Täze önüm aýakgaby 3D çap etmek ugrundan eýýäm tejribesi bolan Zellerfeld kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda döredildi. Krossowka geçen dynç günleri Las-Wegasda geçirilen ComplexCon sergisiniň myhmanlaryna görkezildi.

Dizaýn taýdan Air Max 1000 1987-nji ýylda görkezilen we Nike-yň ökjesi “howa ýassykly” ilkinji krossowkasy bolan Air Max 1-iň täzelenen wersiýasydyr. Bu krossowkanyň aýratynlygy Air Max 1000-de hem saklandy, ýöne “howa ýassygy” 3D printerde çap edilmedi. Krossowkanyň galan bölegi 3D çap usulynyň kömegi bilen taýýarlandy.
Dürli dykyzlykdaky gatlaklary we teksturany garyşdyrmagyň netijesinde aşaky bölekde Air Max 1000-üň dabany has berk boldy, emma krossowkanyň ýokarky bölegi has çeýe we rahat boldy. Bu aýakgaby bagjyklary ulanmazdan geýmäge we çykarmaga mümkinçilik berýär. Şeýle-de, 3D çap usulynyň ulanylmagy Nike kompaniýasyna özboluşly kontur dizaýnyny durmuşa geçirmäge mümkinçilik berdi. Kompaniýanyň bellemegine görä, bu aýakgap önümçiliginiň adaty tehnologiýalarynyň kömegi bilen mümkin bolmazdy.
Ilkibaşda kompaniýa Air Max 1000 krossowkasyny ýiti gyzyl reňkde görkezdi, ýöne soňrak ak, gök we gara-ýaşyl ýaly dürli reňkdäki görnüşler hödürlendi. Başky tapgyr 1000 jübüt krossowkadan ybarat bolup, ol öňünden sargyt etmek üçin serginiň myhmanlaryna elýeterli boldy. Kompaniýa häzirlikçe Air Max 1000-i has köpçülikleýin öndürmek meýilnamasy we täze krossowkalaryň bölek satuw bahasy barada maglumat bermedi.


26.10.2025 09:32
7.4k+

Nike çalt hereket etmäge kömek edýän motorly krossowka döretdi

Nike kompaniýasy hereketlendirijili aýakgap ulgamynyň prototipini hödürledi. Project Amplify atly taslama adamlara tiz hereket etmäge we az güýç bilen has uzak aralyklary geçmäge kömek etmegi maksat edinýär. Ulgam injik bilen topugyň tebigy hereketini goldamak üçin niýetlenýär...

22.08.2025 19:07
15k+

Nike Braziliýadan sekiz ýaşly futbolçy bilen şertnama baglaşdy

Nike Braziliýadan “Flamengo” klubunyň çagalar toparynda çykyş edýän sekiz ýaşly futbolçy Natansinýo bilen şertnama baglaşdy. Bu barada O Globo neşiri habar berýär. Geçen möwsümde Natansinýo 8 ýaşa çenli oýunçylaryň arasynda Rio-de-Žaneýronyň çempionatynyň iň gowy bombardiri boldy...

17.08.2025 23:29
4.6k+

Nike-yň esaslandyryjysy Fil Naýt rak bilen göreşe 2 mlrd dollar bagyş etdi

Amerikaly işewür, Nike brendiniň egindeş esaslandyryjysy Fil Naýt aýaly Penni bilen bilelikde rak keseline garşy göreşe 2 mlrd dollar bagyş etdi. Bu barada The Wall Street Journal habar berdi. Serişdeler Oregonyň Saglygy goraýyş we ylym uniwersitetine gönükdirildi...

11.03.2025 15:49
4.3k+

“Liwerpul” indi Nike-dan däl-de, adidas-dan geýner

“Liwerpul” öz resmi saýtynda adidas sport brendi bilen uzak möhletleýin şertnamanyň baglaşylandygyny habar berdi. Mersisaýdlylar ozal hem bu kompaniýa bilen hyzmatdaşlyk edipdi diýip, klubuň metbugat gullugy habar...