Samsung çeýe eplenýän smartfonlaryň bazarynda öňdebaryjylygyny dikeltdi

  • 19.11.2024 18:26
  • 3.6k+

Samsung kompaniýasy 2024-nji ýylyň üçünji çärýeginde çeýe eplenýän smartfonlaryň global bazarynda ýene-de birinji orny eýeledi. IDC-niň hasabatyna görä, koreýaly tehnoägirdiň paýy ikinji çärýekdäki 16,4% bilen deňeşdirilende, 51,2%-e çenli ýokarlandy.

Ikinji orunda 15,1% paý bilen Motorola (brend Lenovo kompaniýasyna degişli) ýerleşdi, Huawei bolsa 13,2% paý bilen üçünji orna düşdi. Honor we Xiaomi kompaniýalary, degişlilikde, 7,6% we 6,3% paýa eýe boldular. Beýleki öndürijileriň umumylykda paýy 6,6% boldy.
Hünärmenler Samsung-yň üstünligini Galaxy Z Fold 6 we Galaxy Z Flip 6 modelleriniň çykmagy bilen baglanyşdyrýarlar. Bu gurluşlar esasy bazarlarda oňyn seslenme aldy we bu kompaniýa bäsdeşlerden aratapawudy ynamly artdyrmaga mümkinçilik berdi.
Belläp geçsek, ýylyň başynda bu reýtingde birinji orny Huawei eýeleýärdi, ýöne bazar ýagdaýynyň üýtgemegi Samsung-yň peýdasyna boldy. Täzelenen modelleriň çykmagy we netijeli marketing strategiýasy kompaniýanyň çeýe gurluşlaryň segmentindäki ornuny berkitdi.


düýn 17:02
2k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

17.06.2026 09:59
1.2k+

Samsung kompaniýasy Snapdragon X2 Elite prosessorly Galaxy Book 6 Edge noutbugyny çykardy

Samsung kompaniýasy täze Galaxy Book 6 Edge noutbugyny hödürledi. Bu model Qualcomm kompaniýasynyň Snapdragon X2 Elite prosessory bilen enjamlaşdyrylan Galaxy Book 6 hatarynyň ilkinji önümidir. Emeli aň......

09.06.2026 22:05
2.1k+

Samsung telewizor bazarynyň 30%-den gowragyny özüne berkitdi

Samsung 2026-njy ýylyň birinji çärýeginiň jemleri boýunça dünýäde telewizor öndürýän iň iri kompaniýa derejesini saklap galdy. Seljerijileriň maglumatlaryna görä, kompaniýanyň dünýä bazaryndaky paýy 31,3%-e......

22.05.2026 20:30
2.6k+

Samsung kompaniýasynyň paýnamalary uly bir iş taşlaýşyň öňi alnandan soň 8,5% ýokarlandy

Samsung kompaniýasy ýarymgeçirijiler bölüminde işçileriň uly iş taşlaýşynyň öňüni almak üçin, aksiýanyň başlanmagyna iki sagatdan hem az wagt galanda kärdeşler arkalaşygy bilen deslapky ylalaşyga geldi....