Oýun pudagynda iň esasy baýrak bolan “The Game Awards-a” dalaşgärler yglan edildi

  • 19.11.2024 18:14
  • 3.4k+

Oýun pudagynda iň esasy baýrak bolan “The Game Awards-yň” guramaçylary dürli kategoriýalarda 2024-nji ýylyň dalaşgärleriniň ählisini yglan etdiler.

Baş baýrak we “Ýylyň oýny” ady üçin birbada alty taslama bäsleşer:

  • ·Astro Bot ekşeni;
  • ·Balatro kart rogaligi;
  • ·Hytaý mifologiýasy boýunça Black Myth: Wukong ekşeni;
  • ·Elden Ring üçin Shadow of the Erdtree;
  • ·Final Fantasy 7: Rebirth rol oýny;
  • ·Metapahor: ReFantazio rol oýny.

“Iň gowy sosial ähmiýetli oýun” nominasiýasynda baýraga dalaş edýär:

  • ·Hellblade 2
  • ·Neva
  • ·Indika
  • ·Closer the Distance
  • ·Tales of Kenzera
  • ·Life is Strange: Double Exposure

“Iň gowy mobil oýny”:

  • ·AFK Journey
  • ·Balatro
  • ·Pokemon trading card game pocket
  • ·Wuthering Waves
  • ·Zenless Zone Zero

29 kategoriýa boýunça dalaşgärleriň sanawy bilen “Çempionat” portalynda tanşyp bilersiňiz.
Iň köp nominasiýa alan oýun Astro Bot we Final Fantasy 7: Rebirth boldy – her biri ýedi nominasiýa. Olaryň yzyndan Metaphor: ReFantazio (alty nominasiýa) we Silent Hill 2 bilen Balatro gelýär (bäş nominasiýa).
Dalaşgärler yglan edilenden soň guramaçylar ulanyjylar üçin ses bermek mümkinçiligini açdylar. Islendik adam Google ýa-da sosial ulgamlar arkaly özleriniň gowy görýän oýunlaryna ses berip bilerler. Görnüşi ýaly, ýeňijiler ulanyjylaryň seslerini emin agzalarynyň pikiri bilen birleşdirmegiň netijesinde kesgitlener – ýeňijileri kesgitlemegiň takyk ulgamy aýdyňlaşdyrylmaýar.
2-nji dekabrda “Oýunçylaryň sesi” bölüminde hem ses berişlik açylar we bu ýerde diňe geýmerleriň garaýşy boýunça 2024-nji ýylyň iň gowy oýny saýlanar.
The Game Awards 2024 baýragynyň ýubileý onunjy gowşurylyş dabarasy 13-nji dekabr gijesi Los-Anjelesde geçiriler.
Geçen ýyl “Ýylyň oýny” baýragyny Baldur’s Gate 3 aldy.

düýn 20:14
1.8k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 20:02
812

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......

düýn 19:56
3.4k+

Şotlandiýaly janköýer ýygyndysynyň oýny üçin ABŞ-ny pyýada söküp, haýyr-sahawat üçin 1 million funt sterling toplady

Şotlandiýanyň Peýsli şäherinden bolan 22 ýaşly futbol janköýeri Kreýg Fergýuson ABŞ-nyň tutuş çägini pyýada kesip geçdi. Bu barada «WBUR» radiostansiýasy habar berýär....

düýn 19:53
1.2k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......