UEFA-nyň Milletler ligasynyň çärýek finalyna gatnaşjak milli ýygyndylar kesgitlendi

  • 19.11.2024 17:45
  • 8.1k+

Milletler ligasynyň çärýek finalyna gatnaşjak toparlaryň ählisi belli boldy. Ýaryşyň ýarym finalyna çykmak üçin Liga A-nyň her toparyndan iň gowy iki topar bäsleşer.

Toparlaýyn tapgyryň jemi boýunça Milletler ligasynyň dörtden bir finalyna Portugaliýa, Horwatiýa, Fransiýa, Italiýa, Germaniýa, Niderlandlar, Ispaniýa we Daniýa çykdy.
UEFA-nyň Milletler ligasy – 2024/2025-iň pleý-offunyň bije çekişigi anna güni, 22-nji noýabrda Nýonda (Şweýsariýa) geçiriler.
Milletler ligasynyň pleý-off duşuşyklary 2025-nji ýylyň 20-nji we 23-nji martynda geçiriler. Ýaryşyň ýarym finallary 4-nji we 5-nji iýuna meýilleşdirilýär, üçünji ýer üçin oýun we final ýekşenbe güni, 8-nji iýunda bolar.
Milletler ligasynyň häzirki ýeňijisi Ispaniýanyň milli ýygyndysydyr.


şu gün 10:24
1k+

Iraola resmi taýdan «Liwerpulyň» baş tälimçisi boldy, ýöne şertnamanyň möhleti aýdylmady

«Liwerpul» futbol kluby 43 ýaşly ispan hünärmeni Andoni Iraolanyň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Şol bir wagtda, mersisaýdlylar täze halypa bilen baglaşylan......

şu gün 08:15
1.4k+

Dewid Bekhem Holliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ýyldyz alar

Futbol boýunça Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Golliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ady ýazylan ýyldyza eýe bolar. Bu barada Holliwudyň Söwda palatasy habar berdi....

düýn 15:52
7k+

Transfermarkt: Abdukodir Husanow Aziýanyň iň gymmat futbolçysy

«Mançester Siti» toparynyň we Özbegistanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Abdukodir Husanow Transfermarkt internet portalynyň täze maglumatlaryna görä, Aziýanyň iň gymmat bahaly futbolçysyna öwrüldi. Portal......

04.06.2026 23:46
4.9k+

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......