Londonda angliýaly futbolçy Harri Keýniň heýkeli açyldy

  • 19.11.2024 14:50
  • 9.8k+

Londondaky Peter May sport merkezinde Mýunheniň “Bawariýasynyň” we Angliýanyň milli futbol ýygyndysynyň hüjümçisi Harri Keýniň heýkeli oturdyldy. Bu barada ESPN habar berýär.

31 ýaşly hüjümçi hem öz hormatyna heýkeliň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Heýkel futbolçynyň alty ýaşly oglanjyk wagty oýnan klubunyň ýerleşýän ýerinde oturdyldy.
Keýn öz heýkeliniň suratyny sosial ulgamlarda ýerleşdirdi.

“Bu buýsançly pursat boldy” diýip, hüjümçi belledi.

Çeşmäniň maglumatlaryna görä, Angliýanyň milli ýygyndysynyň kapitanynyň heýkeli 2020-nji ýylda tamamlandy we onuň üçin 7,2 müň funt sterling sarp edildi. Ol Londonyň Uoltemstou sebitiniň merkezinde oturdylmazyndan öň, bäş ýyllap ammarda saklandy.
Keýn Angliýanyň milli ýygyndysynyň taryhynda iň gowy bombardir hasaplanýar (103 oýunda 69 gol). Ol milli toparyň düzüminde iki gezek Ýewropa çempionatynyň kümüş baýragynyň eýesi boldy. 2011-2023-nji ýyllarda Londonyň “Tottenhem Hotspur” klubunda çykyş edip, klubuň taryhynda 435 oýunda rekord 280 gol geçirdi.


şu gün 10:24
2.8k+

Iraola resmi taýdan «Liwerpulyň» baş tälimçisi boldy, ýöne şertnamanyň möhleti aýdylmady

«Liwerpul» futbol kluby 43 ýaşly ispan hünärmeni Andoni Iraolanyň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Şol bir wagtda, mersisaýdlylar täze halypa bilen baglaşylan......

şu gün 08:15
2.4k+

Dewid Bekhem Holliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ýyldyz alar

Futbol boýunça Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Golliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ady ýazylan ýyldyza eýe bolar. Bu barada Holliwudyň Söwda palatasy habar berdi....

düýn 15:52
7.8k+

Transfermarkt: Abdukodir Husanow Aziýanyň iň gymmat futbolçysy

«Mançester Siti» toparynyň we Özbegistanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Abdukodir Husanow Transfermarkt internet portalynyň täze maglumatlaryna görä, Aziýanyň iň gymmat bahaly futbolçysyna öwrüldi. Portal......

04.06.2026 23:46
5.1k+

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......