Hyundai Elantra N sedanynyň täze wersiýasy hödürlendi: onuň kuwwaty 286 at güýjüne ýetýär

  • 19.11.2024 14:19
  • 4.2k+

Hyundai Elantra N sedanynyň TCR Edition atly ýörite görnüşini hödürledi. Modeliň 2024-nji ýylyň dekabrynda Günorta Koreýada, 2025-nji ýylda bolsa dünýä satuwyna çykarylmagyna garaşylýar diýip, Speedme ýazýar.

Bu model Touring Car Racing (TCR) ýaryş wersiýasynyň aýratynlyklarynyň göz öňünde tutulmagy bilen döredildi. TCR Edition gysyş güýjüni gowulandyrmak üçin karbon Swan Neck ganatyny, 19 dýuýmlyk teker disklerini we dört porşenli N Performance tormozlaryny alar. Koreýada bu modeliň ýörite TCR Edition stikerleri bolar.
Awtoulagyň salonynda gök Hyundai Performance nagyşly we alkantra bezegli sport ruly, şeýle hem TCR Edition logotipleri bolan howpsuzlyk kemerleri bar.
Sedan 276 at güýjüni öndürýän 2.0 litrlik turbo hereketlendiriji bilen enjamlaşdyrylandyr. N Grin Shift funksiýasy işjeňleşdirilende, ulagyň kuwwaty 286 at güýjüne çenli ýokarlanar.


15.06.2026 10:41
2.5k+

Hyundai Tucson L 2026 çykdy. Düýbünden täze Hyundai Bayon hem ýolda

«Beijing Hyundai» bilelikdäki kärhanasy Hytaýyň bazaryna täzelenen «Hyundai Tucson L 2026» krossowerini çykardy....

12.06.2026 08:19
2.6k+

Hyundai 2027-nji ýyla çenli bäş täze modeli, şol sanda "Santa Fe EREV-i" taýýarlaýar

Hyundai 2027-nji model ýyly üçin birbada birnäçe täzelikleri taýýarlaýar. Kompaniýa meşhur "Elantra", "Kona" we "Tucson" modellerini täzelemegi, "Ioniq 3" ykjam elektromobilini çykarmagy, şeýle hem "Santa......

02.06.2026 12:41
3.5k+

Hyundai gyzmak howpy sebäpli 54 müňden gowrak Elantra Hybrid ulagyny yzyna çagyrýar

Hyundai kompaniýasy gibrid güýç gurluşyny dolandyryş ulgamyndaky mümkin bolan mesele sebäpli ABŞ-da 2024–2026-njy ýyl modellerine degişli 54 337 sany Elantra Hybrid gibrid sedanlaryny yzyna çagyrýandygyny......

26.05.2026 10:00
4.2k+

Hyundai awtoulaglary üçin sanly “örtükleri” satmaga başlady

Hyundai awtoulag eýelerine multimediýa ulgamy üçin sanly temalara elýeterliligi açdy, ilki bilen 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna bagyşlanan mugt wersiýadan başlady....