“Titanigiň” ýolagçylaryny halas eden kapitan Rostronyň sagady 1,97 mln dollara satyldy

  • 19.11.2024 11:16
  • 4.4k+

Kapitan Artur Rostrona degişli bolan Tiffany & Co. altyn jübi sagady Henry Aldridge & Son auksionynda rekord 1,97 mln dollara satyldy. Bu barada CNN habar berýär.

18 karat altyndan ýasalan sagat kapitana 1912-nji ýylyň 15-nji aprelinde “Titanik” heläkçiliginde aradan çykan üç işewüriň dul aýallary tarapyndan sowgat berildi.
Rostron heläkçiligiň bolan ýerine gelip, 700-den gowrak adamy halas eden RMS Carpathia gämisine komandirlik etdi. Sagat oňa 1912-nji ýylyň 31-nji maýynda Nýu-Ýorkda onuň hyzmatlarynyň ykrar edilmeginiň nyşany hökmünde berildi. Kapitan gark bolýan gämiden heläkçilik signalyny eşidip, Nýu-Ýorkdan Ortaýer deňzine syýahat wagty RMS Carpathia gämisiniň ugruny üýtgetdi.
Sagadyň korpusynda şeýle ýazgy bar:

“Kapitan Rostrona “Titanikden” üç diri galanyň tüýs ýürekden minnetdarlygy we alkyşy bilen sowgat edildi: hanym Jon B.Taýer, hanym Jon Jeýkob Astor we hanym Jorj D.Uaýdener”.


Jon Jeýkob Astor IV “Titanigiň” bortunda iň baý adamdy. Işewüre öz göwreli aýalyny halas ediş gämisine mündürmek başartdy, ýöne özi beýleki 1500 adam bilen bilelikde pida boldy. 
Sagady ABŞ-dan hususy kolleksioner satyn aldy. 

düýn 20:14
1.8k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 20:02
812

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......

düýn 19:56
3.4k+

Şotlandiýaly janköýer ýygyndysynyň oýny üçin ABŞ-ny pyýada söküp, haýyr-sahawat üçin 1 million funt sterling toplady

Şotlandiýanyň Peýsli şäherinden bolan 22 ýaşly futbol janköýeri Kreýg Fergýuson ABŞ-nyň tutuş çägini pyýada kesip geçdi. Bu barada «WBUR» radiostansiýasy habar berýär....

düýn 19:53
1.2k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......