Argentinanyň ýygyndysy adidas bilen hyzmatdaşlygyň 50 ýyllygy mynasybetli ýörite eşik toplumyny hödürledi

  • 19.11.2024 10:51
  • 5.9k+

Argentinanyň milli ýygyndysy Germaniýanyň adidas sport brendi bilen hyzmatdaşlygyň 50 ýyllygy mynasybetli ýörite eşik toplumyny hödürledi. 

“Ilkinji hyzmatdaşlygyň 50 ýyllygyny baýram etmegiň çäklerinde adidas we Argentinanyň futbol assosiasiýasy Argentinanyň milli toparynyň ýörite eşik toplumyny hödürleýärler.
“50 ýyl – kalpda we deride” şygary bilen köýnekçe 1974-nji ýylyň dünýä çempionatyna gatnaşmak üçin çykarylan Argentinanyň milli ýygyndysynyň adidas-dan ilkinji maýkasynyň dizaýny bilen ruhlandy” – diýlip, argentinalylaryň metbugat gullugynyň resmi saýtdaky beýanynda aýdylýar.

Şeýle-de, milli ýygyndynyň bu ýörite eşik toplumyny DÇ-2026 üçin saýlama ýaryşynyň çäklerinde 20-nji noýabrda Peru bilen oýunda ulanjakdygy habar berilýär. Soňky oýunlarda we 2025-nji ýylyň dowamynda topar geçen ýylyň mart aýynda çykarylan toplumy geýmegi dowam etdirer.


şu gün 19:10
585

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

şu gün 10:53
4.5k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

düýn 22:01
4.8k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....

08.06.2026 16:49
8.3k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....