Volkswagen kompaniýasy Touareg, Tharu XR we Golf GTI awtomobilleriniň täze wersiýalaryny hödürledi

  • 19.11.2024 08:09
  • 2.3k+

Volkswagen kompaniýasy Hytaýyň Guançžou şäherindäki Halkara awtosalonda özüniň meşhur Touareg, Tharu XR, Teramont we Golf GTI modelleriniň täze wersiýalaryny görkezdi.


Täzelenen krossower Volkswagen Touareg 265 we 340 at güýjüni berýän 2,0 we 3,0 litrlik hereketlendirijiler bilen hödürlendi. Ol 4Motion doly herekete getiriji ulgamy, 8 basgançakly hereket geçiriji guty we R-Line bukjasy bilen üpjün edildi.


Volkswagen Tharu XR 1,5 litrlik iki görnüşli hereketlendiriji: içinden ýandyrylýan (110 at güýji) we turbo (160 at güýji) bilen enjamlaşdyrylan ykjam krossower. Birinji hereketlendiriji klassyky 6 basgançakly awtomat, ikinjisi 7 basgançakly “robot” bilen utgaşýar. Herekete getiriji – öňdäki. Göwrüm – 4355x1762x1605 mm. Tigir bazasy – 2651 mm.


Volkswagen Teramont krossoweri kuwwaty 299 at güýji bolan 2,5 litrlik hereketlendirijili wersiýa eýe boldy. Şeýle-de, 186 we 220 at güýjündäki 2,0 litrlik turbo motorlary bilen modifikasiýalar elýeterlidir. Esasy görnüş mehaniki hereket gutusy we öňdäki hereketlendiriji, galan görnüşleri bolsa 7 basgançakly robot we doly herekete getiriji bilen üpjün edilýär.


Volkswagen Golf GTI – bu ýokary öndürijilikli hetçbek. 300 at güýjüni berýän hereketlendiriji bilen hödürlendi. 5,6 sekuntda tizligini 100 km/sag çenli artdyrýar. Iň ýokary tizlik sagatda 250 km bilen çäklenýär. Herekete getiriji – öňdäki.

Awtosalonda kompaniýanyň başga-da birnäçe täze awtomobili hödürlendi.


düýn 11:11
3.4k+

Ýapon hili nemes tehnologiýasyna garşy: Toyota bilen VW-niň ygtybarlylygynyň detallaýyn deňeşdirmesi

Consumer Reports neşiriniň täze geçiren barlagyna görä, Toyota ýapon brendi nemes Volkswagen kompaniýasyndan öňünden çaklanylýan ygtybarlylyk babatda uly artykmaçlygy görkezdi....

13.05.2026 09:33
6.7k+

61 ýurtda iň köp satylýan awtoulag markalary yglan edildi; Toyota 25 ýurtda öňdeligi eýeledi

Focus2Move synçy kompaniýasy 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça 61 ýurtda iň köp satylan awtoulag markalarynyň sanawyny çap etdi. Garaşylyşy ýaly, dünýä bazarynyň lideri bir wagtyň özünde 25 ýurtda birinji orny......

06.05.2026 08:17
1.7k+

Volkswagen önümçiligini ýylda ýene bir million ulaga çenli azaltmak meýli barada yglan etdi

Volkswagen konserniniň ýolbaşçysy Oliwer Blýume 2028-nji ýyla çenli Ýewropada önümçilik möçberini ýylda takmynan ýene bir million awtomobil azaltmak meýilnamasynyň bardygyny mälim etdi. Bu çäre amaly......

05.05.2026 15:31
2.1k+

Volkswagen kompaniýasy Hytaýda elýeterli Jetta X krossowerini görkezdi

Volkswagen kompaniýasy Hytaý bazary üçin niýetlenen täze Jetta X elektrik krossoweri bilen tanyşdyrdy. Bu modeliň brendiň soňky ýyllarda ýerli önüm öndürijileriň bäsdeşligi sebäpli gowşan ornuny dikeltmäge......