Unicode Consortium dokuz sany täze emoji hödürledi: bigfut, balerina we ş.m.

  • 19.11.2024 00:25
  • 2.9k+

Unicode Consortium guramasy 164 sany täze emoji bilen smaýlik kolleksiýasynyň üstüni ýetirdi. Ýöne şolardan dokuz sanysynyň öňki toplumlarda hiç hili meňzeşi ýok. Gurluşlarda we programmalarda Emoji 17.0 toplumy bir ýa-da iki ýylyň içinde peýda bolar.

Düýbünden täze smaýlikleriň hataryna şu aşakdakylar girdi:

  • “çişip üýtgän ýüz” (distorted face) – birneme çişen, dartgynly personaž;
  • “uruş buludy” (fight cloud) – multfilmlerde we komikslerde urşy aňladýan ýyldyzjyklar bilen tozan.
  • balerina – bedeniň bäş sany goşmaça reňki bilen elýeterli bolar;
  •  gemrilen alma;
  • kosatka;
  • “tüýlek jandar” – bigfut ýa-da “gar adam”;
  • trombon;
  • §  dagdan daşlaryň gaýtmagy”
  • §  hazynaly sandyk.

Galan smaýlikler öňki bar bolanlaryň üýtgän görnüşleri bolup, bedeniň täze reňkleri bilen eskizler goşuldy. Ulanyjylara iki personažly smaýlikler üçin bedeniň birmeňzeş we dürli reňkli wariantlary hem elýeterli bolar. Unicode Consortium hödürlenen eskizler boýunça geňeşmeleri dowam etdirer, Unicode 17.0 we Emoji 17.0 toplumlary diňe 2025-nji ýylyň sentýabr aýynda gutarnykly görnüşde tassyklanar.

düýn 20:14
1.7k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 20:02
666

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......

düýn 19:56
2.8k+

Şotlandiýaly janköýer ýygyndysynyň oýny üçin ABŞ-ny pyýada söküp, haýyr-sahawat üçin 1 million funt sterling toplady

Şotlandiýanyň Peýsli şäherinden bolan 22 ýaşly futbol janköýeri Kreýg Fergýuson ABŞ-nyň tutuş çägini pyýada kesip geçdi. Bu barada «WBUR» radiostansiýasy habar berýär....

düýn 19:53
1.1k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......