Ulanyjylar Coca-Cola-nyň emeli aň tarapyndan döredilen täze Roždestwo mahabatyny tankytladylar

  • 19.11.2024 08:17
  • 5.5k+

Coca-Cola Roždestwonyň öňüsyrasynda täze adaty mahabatyny çykardy. Ýöne bu gezek kompaniýa ony emeli aňyň kömegi bilen taýýarlady. Netijede, ol tomaşaçylar tarapyndan oňyn garşylanmady.

Täze 15 sekuntlyk wideo 1995-nji ýylyň meşhur “Baýramçylyk gelýär” (“Holidays are Coming”) mahabatyna salgylanýar. Gyzyl ýük ulaglary gazlandyrylan içgili çüýşeleri şäheriň ýaşaýjylaryna eltip bermek üçin garly ýoldan sürüp barýar.
Wideoda kiçijik şrift bilen “Real Magic AI tarapyndan döredilen” duýduryşy bar. Secret Level emeli aň studiýasyny esaslandyryjy Jeýson Zada kompaniýanyň öz mirasyny “geljek we tehnologiýalar” bilen birleşdirýändigini, şeýle-de bu tehnologiýanyň wagty we puly tygşytlaýandygyny düşündirýär.

Sosial ulgamlary ulanyjylar bu wideo ýokary baha bermediler. “Eger Coca-Cola-nyň Roždestwo mahabaty emeli aňyň kömegi bilen döredilse, dünýäniň soňy geldi” – diýip, X ulanyjylarynyň biri ýazýar. “Şu wagt telewizorda Coca-Cola-nyň emeli aň tarapyndan döredilen mahabatyny gördüm... Çynyňyzmy, muňa nädip ýol berip bilýäris” – diýip, ýene bir ulanyjy belledi.

Şeýle-de bolsa, Zada wideoda “ýylylygy” döredýän adam faktory henizem bar diýip hasaplaýar we EA-nyň kömegi bilen has köp zady, köp dürlüligi döredip boljakdygyny sözüniň üstüne goşýar.


03.06.2026 15:15
3.4k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......

28.05.2026 09:06
3.2k+

OpenAI emeli aň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine adam gözleýär – zähmet haky ýylda 445 müň dollar

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine ýylda 445 müň dollara çenli aýlyk hakly iş ornuny açdy....

18.05.2026 14:48
3.9k+

Tehasda ilkinji gezek maglumat merkezleriniň gurluşygyna wagtlaýyn gadagançylyk girizildi

Tehas ştatynyň Hill okrugynyň ygtyýarlylar geňeşi oba ýerlerinde maglumat merkezleriniň gurluşygyny bir ýyl möhlet bilen togtatmak baradaky karary goldap ses berdi. Bu karar ştatyň taryhynda şeýle görnüşdäki......

17.05.2026 19:53
2.9k+

Gazagystanda emeli aň sebäpli 400 müň iş orny gysgaldylar

Gazagystanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň birinji wise-ministri Ýerbol Tuýakbaýewiň senatda geçiren brifinginde beren beýanaty boýunça, ýurtda geljek 10 ýylyň içinde emeli aňyň......