Stipe Mioçiç agyr agramda çempion Jon Jonsdan ýeňlenden soň karýerasyny tamamlady

  • 18.11.2024 22:30
  • 11k+

Agyr agramda (120 kg çenli) UFC-niň öňki çempiony amerika-horwatiýaly Stipe Mioçiç agyr agramda UFC-niň titulynyň häzirki eýesi Jon Jons bilen söweşde ýeňlenden soň, professional karýerasyny tamamlaýandygyny mälim etdi.

Bu söweşde Jons üçünji raundda tehniki nokaut bilen ýeňdi. Stipe üçin bu ýeňliş yzygider ikinji boldy. Ol soňky gezek 2021-nji ýylda UFC 260-da Frensis Ngannudan ýeňlipdi.zZZ
Mioçiç professional karýerasyna 2010-njy ýylda başlady. Ol UFC-niň çempion guşagyna ilkinji gezek 2016-njy ýylyň 15-nji maýynda UFC 198 ýaryşynda eýe boldy. Şonda braziliýaly Fabrisio Werdumy nokauta düşürip, agyr agramda liganyň täze çempiony boldy. Ol UFC-de Daniel Kormýe (iki gezek), Frensis Ngannu ýaly belli söweşijileri ýeňdi.
Şol bir wagtyň özünde, bu söweşden soň karýerasyny tamamlamagy meýilleşdiren Jons, tersine, gitmek islemeýändigini aýtdy.


07.06.2026 20:02
7.2k+

Gabriel Bonfim UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda Belal Muhammady ýeňdi

Braziliýaly türgen Gabriel Bonfim Los-Anjelesdäki «Apeks» arenasynda geçirilen UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda amerikaly garşydaşy Belal Muhammady ýeňdi....

03.06.2026 13:12
11k+

Makgregoryň we Holloweýiň söweşine petekler 240 sekuntda satylyp gutardy

Iki agram derejesinde öňki UFC çempiony Konor Makgregoryň hem-de Maks Holloweýiň arasyndaky söweşe petekler satuwa çykarylandan soň, bary-ýogy 240 sekundyň içinde dolulygyna satyldy. AS neşiriniň berýän......

02.06.2026 21:05
7k+

Usman Nurmagomedow PFL-iň çempionlyk titulyny Arçi Kolgana garşy söweşde gorar

Russiýaly söweşiji Usman Nurmagomedow 31-nji iýulda Nýu-Ýork şäherinde geçiriljek PFL ýaryşynda amerikaly Arçi Kolgan bilen duşuşar. PFL guramasy ýeňil agram derejesinde çempionlyk guşagy ugrundaky bu......

01.06.2026 10:58
6.7k+

Oktagondan düşege: Sarukýan bilen Kowington göreş tutluşygynda duşuşar

Asly ermeni bolan russiýaly söweşiji Arman Sarukýan UFC-niň öňki wagtlaýyn çempiony, amerikaly Kolbi Kowington bilen göreş tutluşygyny geçirer. Real American Freestyle (RAF) guramasy erkin göreş boýunça......