Jon Jons agyr agramda UFC-niň çempion titulyny gorady we guşagyny Trampa berdi

  • 17.11.2024 17:13
  • 14k+

16-njy noýabrdan 17-nji noýabra geçilen gije Nýu-Ýorkda garyşyk başa-baş söweş boýunça UFC 309 ýaryşy geçirildi. Agşamyň esasy wakasynda agyr agramda çempion Jon Jons bilen bu agramda öňki çempion Stipe Mioçiç duşuşdy. Söweş üç raund dowam edip, Jon Jonsuň nokaut arkaly ýeňmegi bilen tamamlandy.

Ýeňişden soň Jons öz çempion guşagyny ABŞ-nyň täze saýlanan Prezidenti Donald Trampa berdi. Söweşiji agyr agramda UFC-niň çempion titulyny ilkinji gezek gorady. Jons professional ringde 2008-nji ýyldan bäri çykyş edýär. Jon Jonsuň hasabynda garyşyk başa-baş söweşde 27 ýeňiş bilen bir ýeňliş bar. Mioçiçiň hasabynda bolsa 20 ýeňiş we dört ýeňliş bar.
Şeýle-de, Jons öz ýeňşini Trampyň tansy bilen baýram etdi.
Ýaryşyň ýene bir esasy wakasynda ýeňil agram derejesinde braziliýaly Çarlz Oliweýra emin agzalarynyň karary bilen amerikaly Maýkl Çendlerden üstün çykdy.


07.06.2026 20:02
7.2k+

Gabriel Bonfim UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda Belal Muhammady ýeňdi

Braziliýaly türgen Gabriel Bonfim Los-Anjelesdäki «Apeks» arenasynda geçirilen UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda amerikaly garşydaşy Belal Muhammady ýeňdi....

03.06.2026 13:12
11k+

Makgregoryň we Holloweýiň söweşine petekler 240 sekuntda satylyp gutardy

Iki agram derejesinde öňki UFC çempiony Konor Makgregoryň hem-de Maks Holloweýiň arasyndaky söweşe petekler satuwa çykarylandan soň, bary-ýogy 240 sekundyň içinde dolulygyna satyldy. AS neşiriniň berýän......

02.06.2026 21:05
7k+

Usman Nurmagomedow PFL-iň çempionlyk titulyny Arçi Kolgana garşy söweşde gorar

Russiýaly söweşiji Usman Nurmagomedow 31-nji iýulda Nýu-Ýork şäherinde geçiriljek PFL ýaryşynda amerikaly Arçi Kolgan bilen duşuşar. PFL guramasy ýeňil agram derejesinde çempionlyk guşagy ugrundaky bu......

01.06.2026 10:58
6.7k+

Oktagondan düşege: Sarukýan bilen Kowington göreş tutluşygynda duşuşar

Asly ermeni bolan russiýaly söweşiji Arman Sarukýan UFC-niň öňki wagtlaýyn çempiony, amerikaly Kolbi Kowington bilen göreş tutluşygyny geçirer. Real American Freestyle (RAF) guramasy erkin göreş boýunça......