Honda bahasy 40 müň dollarlyk IV nesil Passport wnedorožnigini hödürledi

  • 18.11.2024 06:16
  • 4.3k+

Honda kompaniýasy taryhynda iň oňat ulag diýip atlandyran Passport wnedorožniginiň dördünji neslini yglan etdi. Kompaniýa täzelenen awtoulagyň tehniki häsiýetnamasyny, konfigurasiýalaryny we aýratynlyklaryny aýan etdi diýip, Top Gear habar berýär.

2026-njy ýylyň Passport-y 285 at güýjüni öndürýän, öňki wersiýasyndan 5 at güýji köp, 3,5 litrlik V6 hereketlendirijisi bilen enjamlaşdyrylan. Täze 10 tizlikli awtomatiki geçiriş bu model üçin ýörite uýgunlaşdyryldy. Tork wektorly i-VTM4 ähli tigri hereketli ulgam standart hökmünde girizildi.
Awtoulagyň podweskasy gowulaşdy. Süýlüp ýasalan polat ryçaglar we guýma demir kulaklar ulanylýar hem-de öňdäki MacPherson stoýkalary we köp ryçagly arka gurluşy täzeden dizaýn edildi. Öňki tormozlar 13,8 dýuýma çenli ýokarlandyryldy. Wnedorožnik 2250 kg-a çenli ýüki çekmäge ukyply.

Honda üç sany bezeg derejesini hödürlär: RTL, TrailSport we TrailSport Elite.
RTL wersiýasy gara radiator gözenegini, kümüşsöw bezegi we 18 dýuýmlyk ýalpyldawuk tigirleri aldy. TrailSport-da we TrailSport Elite -de ýantar LED yşyk çyralary, gara bezeg we General Grabber -iň 18 dýuýmlyk wezdehod  şinalary bar.
Ulagyň dizaýny güýçlendirildi: tigir bazasy, koleýasynyň ini we ýerden beýikligi  ulaldy.
Interýeri Google, Android Auto we Apple CarPlay goldawly 10,2 dýuýmlyk gural paneli we 12,4 dýuýmlyk merkezi displeý alýar. Yzky ýolagçylar üçin ýer 30 mm artdyryldy.
Awtoulagyň başlangyç bahasy 40 000 dollardan geçýär, ýöne takyk jikme-jiklikleri entek yglan edilmedi.


12.06.2026 01:38
7.5k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......

04.06.2026 17:27
3.2k+

Mazda ýaş sürüjiler üçin iň gowy ulaglaryň reýtinginde birinji orna çykdy

Amerikanyň IIHS we "Consumer Reports" guramalary tarapyndan taýýarlanan ýetginjekler üçin iň howpsuz awtoulaglaryň ýyllyk reýtinginde "Mazda" garaşylmadyk ýagdaýda lider boldy....

29.05.2026 23:38
3.6k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

01.04.2026 16:47
3.6k+

Iri awtoöndürijiler köpçülikleýin elektromobillere geçmekden saklanýarlar

Dünýäniň azyndan 12 sany iri awtomobil öndürijisi elektromobil çykarmak baradaky meýilnamalaryna täzeden seretdiler. Olaryň bu babatdaky maksatnamasyny gysgaldanlary-da, ondan doly ýüz öwrenleri-de bar diýip,......