Ýel uniwersiteti Beýonseniň döredijiligi barada talyplara okuw geçer

  • 16.11.2024 17:00
  • 4k+

Ýel uniwersitetinde aýdymçy Beýonseniň döredijilik mirasy öwrenilip başlanar. Ýokary okuw mekdebinde onuň aýdym-sazynyň we wizual taslamalarynyň ABŞ-nyň syýasy ideologiýasyna ýetirýän täsiri barada kurs giriziler diýip, Associated Press habar berýär.

“Beýonse taryhy ýazýar: aýdym-sazyň täsiri arkaly gara bedenli ilatyň däbi, medeniýet, teoriýa we syýasat” atly kurs ýerine ýetirijiniň 2013-nji ýyldan 2024-nji ýylda çykan “Cowboy Carter” albomyna çenli işlerini öz içine alar.

Bu kursy alyp barjak professor Dafni Bruks talyplaryň diňe bir aýdymlary däl, eýsem 43 ýaşly aýdymçynyň konsertlerinden wideomateriallary hem seljerjekdigini aýtdy. Bruks Beýonseniň döredijiliginiň afroamerikaly aktiwistleriň we filosoflaryň işini nähili şöhlelendirýändigini görkezmegi meýilleşdirýär.
Professor ozal Prinston uniwersitetinde afroamerikaly aýdymçylar barada kurs alyp bardy. Onuň aýtmagyna görä, hut Beýonseniň döredijiligi talyplaryň arasynda aýratyn gyzyklanma döretdi. Ol Ýel uniwersitetinde täze kursuň toparda talyplaryň sanynyň çäklendiriljekdigine garamazdan ünsi özüne çekjekdigini ynanýar.
Beýonse (doly ady – Beýonse Žizel Noulz-Karter) 1981-nji ýylda Tehasda doguldy. Ol karýerasynyň dowamynda 200 milliondan gowrak ýazgy satdy we 32 gezek Grammy baýragynyň eýesi boldy, bu bolsa baýragyň taryhynda rekorddyr.


şu gün 00:57
2.5k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

19.06.2026 19:53
2.2k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

15.06.2026 12:34
1.6k+

Paramount-yň Warner Bros.Discovery-ny satyn almagyna ýene bir böwet aradan aýryldy

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Paramount Skydance kompaniýasy tarapyndan Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça 111 milliard dollarlyk şertnamany makullady....

13.06.2026 09:33
10k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......