Google bir wagtyň özünde foto we tekst arkaly gözlemek funksiýasyny Chrome-a goşdy

  • 16.11.2024 16:51
  • 2.2k+

Google kompaniýasy iOS-da Chrome brauzeri üçin täzelenme çykaryp, oňa birnäçe täze funksiýany goşdy. Esasy üýtgeşmeleriň biri gözleg üçin bir wagtyň özünde suraty we teksti ulanmak mümkinçiligi boldy diýip, The Verge habar berýär.

Öň ulanyjylar Google Lens arkaly diňe suratyň üsti bilen gözläp bilýärdiler, indi bolsa bu funksiýa aýdyňlaşdyrmak üçin goşmaça tekst soragyny goşmak mümkinçiligi bilen gönüden-göni Chrome-a birleşdirildi. Täze funksiýa netijeleriň has takyk bolmagyna ýardam eder. Mysal üçin, meňzeş harydy tapmak üçin, köýnekçäni surata düşürip, “benewşe” aýdyňlaşdyrmasyny goşup bolar.
Mundan başga-da, täzelenme internetden faýllary we suratlary gönüden-göni Google Photos-da ýa-da Google Drive-da saklamak mümkinçiligini öz içine alýar, bu hem gurluşdaky ýeri tygşytlamaga mümkinçilik berýär. Şeýle täzelik, aýratynam, iCloud-da 5 GB-ni dolduran we Google bulut hyzmatlaryny ulanmagy makul bilýän ulanyjylar üçin peýdaly bolar.
Chrome-yň täze wersiýasynda Shopping Insights funksiýasy-da peýda boldy. Ol ulanyjylara harytlar üçin amatly teklipler barada habar berýär we bahalaryň üýtgeýşini yzarlaýar. Munuň üçin Google akkaunty bilen brauzeriň “taryhyny” sinhronlamaly we degişli sazlamalary işletmeli.
Mundan başga-da, brauzerde mini karta görşi peýda boldy. Indi saýtyň salgylanmasyna basyp, onuň kartada ýerleşýän ýerini aýratyn Google Karta programmasyna geçmezden görüp bolýar.
Kompaniýa ýakyn aýlarda iOS üçin Chrome-a goşmaça funksiýalary goşmagy wada berýär.


şu gün 19:53
838

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

11.06.2026 14:00
2.9k+

Google ulanyjylary Chrome-y gyssagly täzelemäge çagyrýar

Google kompaniýasy Chrome brauzerinde howply gowşaklygy tapdy we ulanyjylara iň soňky howpsuzlyk täzelenmesini mümkin boldugyça gyssagly gurnamagy maslahat berýär. Bu 2026-njy ýylyň başyndan bäri ýüze......

03.06.2026 18:12
6.8k+

Google çybynlaryň sanyny azaltmak üçin tebigata 32 million çybyn goýberer

Google kompaniýasy çybynlar arkaly ýaýraýan kesellere garşy göreşmek maksady bilen, Kaliforniýada we Floridada ýörite işlenilen 32 milliona çenli çybyny tebigata goýbermegi göz öňünde tutýan taslamany durmuşa......

07.04.2026 10:40
2k+

Jübiňizdäki emeli aň: Google Gemma 4 modelleri smartfonlarda özbaşdak görnüşde işläp biler

Google kompaniýasy Gemini 3 tehnologiýalaryna esaslanýan iň akylly açyk emeli aň modelleriniň täze toplumy bolan Gemma 4-i resmi taýdan tanyşdyrdy....