Sagat 4:53: “Titanik” heläkçiliginden galan sagat auksiona çykaryldy

  • 15.11.2024 20:33
  • 11k+

1912-nji ýylyň 15-nji aprelinde “Titanik” gämisiniň heläkçilige uçran wagty işlemegini togtadan jübi sagady auksiona çykaryldy. Bu barada Daily Mail habar berýär.

Sagat heläkçiligiň pidalarynyň biri bolan Urugwaýdan ýolagçy Ramon Gomese degişlidi. Auksion öýüniň maglumatlaryna görä, ol şezlonga ýapyşyp, halas bolmaga çalşypdyr. Onuň sagadyndaky wagt 04:53-de – gämi gark bolanyndan, takmynan, iki ýarym sagat soň togtady. Gomesiň jesedi heläkçilikden bir hepdeden soň tapyldy.
Ýüz ýyldan gowrak wagtlap sagat merhumyň garyndaşlarynda saklandy. Bu döwürde onuň käbir bölegi hatardan çykdy: sagatda aýnasy we sekunt dili ýok. Muňa garamazdan, artefakt kolleksionerler üçin uly gyzyklanma döredýär.
Hünärmenler onuň bahasynyň 100 müň dollara ýetip biljekdigini çaklaýarlar.

düýn 20:14
1.8k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 20:02
812

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......

düýn 19:56
3.4k+

Şotlandiýaly janköýer ýygyndysynyň oýny üçin ABŞ-ny pyýada söküp, haýyr-sahawat üçin 1 million funt sterling toplady

Şotlandiýanyň Peýsli şäherinden bolan 22 ýaşly futbol janköýeri Kreýg Fergýuson ABŞ-nyň tutuş çägini pyýada kesip geçdi. Bu barada «WBUR» radiostansiýasy habar berýär....

düýn 19:53
1.2k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......