Täze Mitsubishi Pajero Sport hödürlendi

  • 15.11.2024 15:27
  • 6.6k+

Täzelenen Mitsubishi Pajero Sport-yň satuwy başlandy. Model eýýäm dilerlere bardy, Braziliýada we beýleki käbir ýurtlarda ol Montero Sport ady bilen çykar diýip, 32Cars.ru habar berýär.

Model HPE, HPE-S, Legend we Legend Black komplektasiýalarynda hödürlenýär. Awtoulagyň daşky görnüşinde ownuk üýtgeşmeler bolup geçdi, esasanam, kuzowyň öň bölegi täzelendi. Reňk hataryna täze Blade Silver Metallic öwüşgini goşuldy we tekerleriň saýlawy giňeldildi: 18-den 20 dýuýma çenli ölçeglerde elýeter.
Pajero Sport-yň içki giňişligi hem döwrebaplaşdyryldy. Üç dilli köp funksiýaly rul oturdyldy, gara ýa-da goňras deri oturgyçlar ýolagçylaryň rahatlygyny üpjün edýär. Oturgyçlaryň öň hatarlary tokly sazlanýar we gyzdyrylýar, Legend komplektasiýasynda we ondan ýokarkylarda 8 dýuýmlyk sanly displeý bar.
Awtoulag 190 at güýjüni öndürýän, çekijiligi 430 Nm bolan 2,4 litrlik turbodizel hereketlendirijisi bilen enjamlaşdyrylandyr. Motor sekiz tizlikli awtomatiki geçiriş bilen jübütlenendir. Peseldiji geçirişli we yzky diferensial gulply tigirli hereketlendiriji ulgam awtoulagyň ýolsuz ýerlerden geçende ýokary mümkinçiliklerini görkezmäge mümkinçilik berýär.
Täze Mitsubishi Pajero Sport-yň bahasy 60 000 dollar.


şu gün 19:10
585

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

şu gün 17:32
1.8k+

FIFA gazanmagyň usulyny tapdy: 79 dollara janköýerleriň atlary uly ekranda görkeziler

FIFA 2026-njy ýylda geçiriljek dünýä çempionatynda janköýerler üçin täze hyzmaty hödürledi: 79 dollar tölän janköýerleriň atlary toparçalaýyn tapgyryň oýunlary wagtynda stadionlaryň uly ekranlarynda görkeziler....

şu gün 10:53
4.5k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

düýn 22:01
4.8k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....