Buker baýragyny astronawtlar baradaky romany üçin Samanta Harwi aldy

  • 14.11.2024 13:07
  • 2.3k+

2024-nji ýylyň Buker baýragy “Orbita” romany üçin iňlis ýazyjysy Samanta Harwä berildi. Kitapda Halkara kosmos stansiýasyndaky (HKS) alty astronawtyň durmuşyndan bir gün beýan edilýär diýip, BBC habar berýär.

Dabara Londonda geçirildi. Şu ýyl emin agzalarynyň başlygy britaniýaly ýazyjy we hudožnik Edmund de Waal boldy. Onuň aýtmagyna görä, emin agzalary bu baýragy Harwä bermek çözgüdini biragyzdan goldady.

“Käwagt siz bir kitaba duş gelýärsiňiz we bu täsin wakanyň nähili bolup geçendigine düşünip bileňzok. Emin hökmünde biz tolgundyryjy, gysby we täsirli bolan, paýlaşmak islegini döredýän kitaby tapmaga töwekgeldik” – diýip, de Waal aýtdy.

Harwi 2019-njy ýyldan bäri baýraga mynasyp bolan ilkinji aýal, onuň “Orbita” romany bolsa Beýik Britaniýada gysga sanawdan iň köp satylan kitap hem-de wakalary kosmosda bolup geçýän ilkinji ýeňiji kitap boldy. Şeýle-de, bu baýragyň taryhynda iň gysga romandyr – kitap bary-ýogy 136 sahypadan ybarat.

“Bu ykjam, ýöne şol bir wagtyň özünde mazmun taýdan ajaýyp roman bizi Ýeriň gözelligine syn etmäge we bir wagtyň özünde her bir adam ömrüniň şahsy we toparlaýyn gymmatlygy barada oýlanmaga çagyrýar” – diýlip, baýragyň beýanynda aýdylýar.

Samanta Harwiden başga-da, şu ýyl baýrak ugrunda amerikaly ýazyjy Reýçel Kuşner (“Creation Lake”), niderlandly-ysraýylly ýazyjy Ýael wan der Wuden (“The Safekeep”), kanadaly ýazyjy Enn Maýkls (“Held”), awstraliýaly Şarlott Wud (“Stone Yard Devotional”), amerikaly ýazyjy Persiwalýa Eweretta (“James”) göreşdi.
Gysga sanawdaky awtorlaryň her biri 2500 funt sterling, ýeňiji bolsa 50 müň funt sterling aldy.
Geçen ýyl baýraga “Pygamberiň aýdymy” (“Prophet Song”) romany üçin irlandiýaly Pol Linç mynasyp boldy.

düýn 20:14
1.8k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 20:02
812

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......

düýn 19:56
3.4k+

Şotlandiýaly janköýer ýygyndysynyň oýny üçin ABŞ-ny pyýada söküp, haýyr-sahawat üçin 1 million funt sterling toplady

Şotlandiýanyň Peýsli şäherinden bolan 22 ýaşly futbol janköýeri Kreýg Fergýuson ABŞ-nyň tutuş çägini pyýada kesip geçdi. Bu barada «WBUR» radiostansiýasy habar berýär....

düýn 19:53
1.2k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......