Toyota Land Cruiser Prado-nyň syýahatçylyga niýetlenen görnüşi hödürlendi

  • 15.11.2024 02:19
  • 14k+

Toyotanyň “Modellista” kärhanasy SEMA týuning-şounda J250 nesilinden bolan “Toyota Land Cruiser Pradonyň" ýolsuz ýerlerde hereket etmäge ýöriteleşdirilen görnüşini hödürledi. “Modellista Overland Vision” diýlip atlandyrylýan taslama syýahatçylyk meselelerine gönükdirilendir diýip, “HiConsumption” portaly ýazýar.

Üýtgeşmeler awtoulagyň daşky görnüşine we işleýiş elementlerine täsir etdi. Awtoulagyň öň tarapyndaky täze üýtgeşmeler: kapotyň ugrundaky LED zolaklar, çyralardaky gözenek goraglar, güýçli we gorag plastinkasyna eýe bolan täze bamperdir. Kapotyň öňünde şaha kesijiler bolup, ulagyň gapdaldan görkezijilerinde, gapylarynda ullakan plastmass gorag panelleri bar.
Şeýle-de ulagyň bagaž giňişligine aýratyn üns berilýär. Onuň depesinde syýahatçylyk üçin ýötire bagaž bolup, ol yşyklandyryjylar bilen üpjün edilendir. Awtoulagyň arka tarapynda ýörite bamper we gapy bar, şeýle-de bagaža aňsat çykmak üçin merdiwan ýerleşýär.
Bu ulagyň ýoluny ýagtylandyryjy çyralarynyň ýitiligi ýokarlandyryldy. Şeýle-de ýolsuz ýerlerde hereket etmäge ýöriteleşdirilen ulagyň tekerleri palçykda ýöremek üçin enjamlaşdyrylandyr.
Ulagyň üýtgeşmeleriniň tehniki aýratynlyklary doly aýan edilmedi.
"Modellista" düşünjesi ýerli alyjylar tarapyndan oňyn kabul edilse, “Overland Visionda" ulanylýan garnituralaryň ABŞ-da satylyp bilinjekdigini tassyklady diýip, auto.mail.ru ýazýar.


düýn 14:05
4.2k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

düýn 08:16
2.8k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
4.9k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6.1k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......