1957-nji ýylyň iň soňky Mercedes-Benz 300SL Gullwing-i auksionda 3,5 million dollara satylyp bilner

  • 13.11.2024 15:08
  • 10k+

1957-nji ýylyň maý aýynda öndürilen iň soňky Mersedes-Benz 300SL Gullwing awtoulagy 22-nji noýabrda Las-Wegasdaky RM Sotheby's auksionynda satuwa çykarylar. Bu awtoulagdan jemi 1400 sanysy öndürildi. Bu bolsa onuň iň soňky nusgasydyr. Onuň 2,5-3,5 million dollar aralygynda satylmagyna garaşylýar diýip, 32Cars.ru ýazýar.

Özboluşly "çarlak ganatyna" meňzeş gapylary bolan bu model ilkibaşda ýaryş maksatly döredilipdi, ýöne soňra amerikaly importçy Maks Hoffmanyň teklibi bilen Mercedes 300SL köpçülikleýin ýollara uýgunlaşdyryldy.
Satuwa çykarylan awtoulag açyk gyzyl reňkde bolup, onuň salony agymtyl reňkli deriden edilendir. 1957-nji ýylyň iýun aýynda ilkinji gezek Poznan halkara ýarmarkasynda görkezilen awtoulag, sentýabr aýynda ABŞ-da satuwa çykaryldy. Awtoulagda onuň asyl hereketlendirijisi, geçirijisi we kuzowy saklanyp galypdyr.
Mercedes 300SL alýumin Alloy Gullwing bolmasa-da, Rudi Kleiniň kolleksiýasynyň auksionynyň çäginde 9,35 million dollara satylan ulagy göz öňünde tutsak, ol öz bahasyna degýär.


20.06.2026 12:20
4.1k+

Mercedes Berlinde okly magnit akymly hereketlendirijileri öndürýän zawody açdy

Mercedes-Benz Berliniň Mariýenfelde etrabynda okly magnit akymly elektrik hereketlendirijilerini öndürýän kärhanany açdy. Bu tehnologiýa eýýäm Mercedes-AMG GT 4-Door Coupe nusgasynda ulanylýar....

03.06.2026 11:52
7.4k+

1991-nji ýylyň seýrek duşýan Mercedes-Benz 560SEL AMG modeli $165 müňe satyldy

ABŞ-da geçirilen auksionda 1991-nji ýylda öndürilen seýrek duş gelýän Mercedes-Benz 560SEL 6.0 AMG sedany satyldy. Alyjy AMG-yň zawod kämilleşdirmelerini alan bu awtomobil üçin 165 müň dollar töledi diýip,......

23.05.2026 15:59
5.1k+

Mercedes-Benz 98%-e çenli netijeli Bosch elektrik motorlaryna geçýär

Bosch kompaniýasy täze elektrik awtoulaglaryny elektrik motorlary bilen üpjün etmek boýunça Mercedes-Benz bilen uzak möhletli şertnama baglaşdy. Ylalaşyk azyndan 2030-njy ýyllara çenli möhlete niýetlenen....

21.05.2026 09:35
2.2k+

Täze Mercedes-AMG GT reňkini üýtgedýän üçege we 1169 at güýjüne eýe boldy

Mercedes-AMG kompaniýasy üç sany oklaýyn (aksial) elektrik motory bolan we 1169 at güýji kuwwatyny öndürýän täze elektrikli AMG GT 4-Door Coupe sport sedanyny tanyşdyrdy diýip, «The Verge» neşiri habar berýär....