Adatdan daşary howa hadysalary sebäpli dünýä ykdysadyýetine 2 trln dollar möçberde zyýan ýetdi

  • 13.11.2024 15:04
  • 13k+

Ýerde howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly adatdan daşary howa hadysalary soňky 10 ýylda dünýä ykdysadyýetine 2 trln dollardan gowrak möçberde zyýan ýetirdi. Bu barada Parižde Halkara söwda palatasynyň saýtynda ýerleşdirilen hasabatda aýdylýar.

Hasabatda 2014-nji ýyldan 2023-nji ýyl aralygynda bolup geçen we umumylykda 1,6 mlrd adamyň durmuşyna täsir eden 4 müň töweregi howa hadysasy göz öňünde tutulýar. Ylmy gözlegçiler ýaşaýyş jaýlarynyň, kärhanalaryň we infrastruktura desgalarynyň ýumrulmagy netijesinde ýeten gönüden-göni zyýany hem-de howa şertleriniň zähmet öndürijiligine ýetirýän täsirini hasaba aldylar.
Resminamada görkezilişi ýaly, “diňe soňky 2 ýylda global ykdysady zyýan 451 mlrd dollara ýetdi we bu geçen 8 ýyldakydan 19% köpdür”.
10 ýylyň dowamynda has uly zyýan çeken ýurt ABŞ boldy – 935 mlrd dollar. Onuň yzyndan Hytaý (268 mlrd dollar) we Hindistan (112 mlrd dollar) gelýär. Şeýle-de, ilkinji onluga Germaniýa, Awstraliýa, Fransiýa we Braziliýa girdi.

“Soňky on ýyldaky maglumatlar howanyň üýtgemeginiň geljegiň meselesi däldigini görkezdi: adatdan daşary howa hadysalary sebäpli öndürijiligiň peselmegi eýýäm häzir ykdysadyýete täsir edýär” – diýip, palatanyň baş sekretary Jon Denton belledi.

Ylmy gözleg Oxera konsalting kompaniýasy tarapyndan geçirildi. Hasabat duşenbe güni Bakuwda açylan Howanyň üýtgemegi baradaky BMG-niň Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 29-njy maslahatynyň (COP29) öňüsyrasynda çap edildi.


şu gün 12:37
3.2k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

düýn 18:53
10k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

düýn 09:31
5.8k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......

20.06.2026 14:57
7.4k+

Kamçatkanyň kenarýakalarynda bir gije-gündizde 30-dan gowrak ýertitreme boldy

Kamçatkanyň gündogar kenarýakasynyň çäklerinde 19-njy we 20-nji iýunda magnituda güýji 6,9-a çenli ýeten yzygiderli ýer titremeleri hasaba alyndy....