Mersedes-Benz Actros-nyň binýadynda tekeriň üstündäki kaşaň öý hödürlendi: bahasy 1,26 mln ýewro

  • 12.11.2024 00:35
  • 17k+

Brabus atelýesi Belgiýanyň STX Motorhomes kompaniýasy bilen bilelikde täze Big Boy 1200 öý ulagy hödürledi. Kaşaň interýerli, 12 metrlik, tekerli öý üç okly Mercedes-Benz Actros ýük ulagynyň esasynda guruldy diýip, AutoMail.ru habar berýär.

Ýük ulagynyň ini 2,5 metr, beýikligi 4 metr. Gapdallaryndaky dört sany tokly işleýän süýşürilýän modul bilen hasam giňelýär.
Içiniň meýdany 30 inedördül metrden gowrak.
Ulaga giren ýeriňde aşhana otagy bar. Onda ähli zerur tehnikalar: gazojak, duhowka, doňduryjyly holodilnik, kofe gaýnadyjy, gap-gaç ýuwýan maşyn we hatda sowadyjy çakyr şkafy hem bar. Kafelli hammamda duş, elýuwar we hajathana gurlan.

Ýük ulagynyň töründe 4,5 metr giňlikdäki ýatylýan otag bar. Öý ulagda birnäçe ýatylýan ýer bar. Esasy iki adamlyk ýatalgadan başga-da, iki sany diwan we sürüjiniň kabinasynyň üstünde ýerleşen goşmaça bir adamlyk ýatalga bar.
Güýmenje üçin iki sany 43 dýuýmlyk 4K telewizor, PS5 oýun konsoly we audioulgam bar. Starlink hemra antennasy we Wi-Fi marşrutizatory aragatnaşygy üpjün edilýär. Interýerinde hakyky deriden, alkantaradan we uglerod süýüminden edilen materiallar ulanylýar.

Ýaşalýan otaglar termiki izolýasiýa edilendir, ýöne kondisioner ulgamy hem bar. Penjireler rolikli perdeler bilen enjamlaşdyrylandyr. Elektrik energiýasynyň bir bölegi üçege oturdylan Gün panelleri we generator arkaly üpjün edilýär.
Öý ulag 530 at güýjüni öndürýän (2600 Nm tork) 12,8 litrlik turbodizel hereketlendirijisi bilen enjamlaşdyrylandyr. Iň ýokary tizligi sagatda bary-ýogy 90 km.
Brabus şeýle jaýlary diňe sargyt esasynda gurar. Modeliň bahasy 1,26 million ýewrodan başlaýar.


03.06.2026 11:52
7.3k+

1991-nji ýylyň seýrek duşýan Mercedes-Benz 560SEL AMG modeli $165 müňe satyldy

ABŞ-da geçirilen auksionda 1991-nji ýylda öndürilen seýrek duş gelýän Mercedes-Benz 560SEL 6.0 AMG sedany satyldy. Alyjy AMG-yň zawod kämilleşdirmelerini alan bu awtomobil üçin 165 müň dollar töledi diýip,......

23.05.2026 15:59
5.1k+

Mercedes-Benz 98%-e çenli netijeli Bosch elektrik motorlaryna geçýär

Bosch kompaniýasy täze elektrik awtoulaglaryny elektrik motorlary bilen üpjün etmek boýunça Mercedes-Benz bilen uzak möhletli şertnama baglaşdy. Ylalaşyk azyndan 2030-njy ýyllara çenli möhlete niýetlenen....

21.05.2026 09:35
2.2k+

Täze Mercedes-AMG GT reňkini üýtgedýän üçege we 1169 at güýjüne eýe boldy

Mercedes-AMG kompaniýasy üç sany oklaýyn (aksial) elektrik motory bolan we 1169 at güýji kuwwatyny öndürýän täze elektrikli AMG GT 4-Door Coupe sport sedanyny tanyşdyrdy diýip, «The Verge» neşiri habar berýär....

30.04.2026 16:52
4.5k+

Mercedes tankytlardan soň awtomobillere fiziki düwmeleri gaýtaryp getirmek kararyna geldi

Mercedes kompaniýasy awtomobilleriň salonyndaky dolandyryş ulgamyna bolan çemeleşmesini täzeden gözden geçirýär we sanly ekranlary saklap galmak bilen, esasy funksiýalar üçin fiziki düwmeleri yzyna gaýtarmaly......